Sagdyn durmuşSlider

Lukmanyň sözi: Arçmanyň bejergisi onuň suwundan başlanýar

12-07-2022 / 13

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän melhem suwly “Arçman” şypahanasy dünýä ülňülerine laýyk gelýän anyklaýyş we bejeriş ähmiýetli şypahanalaryň biridir. Indi bir asyr bäri ilata hyzmat edýän, sagaldyş merkezine öwrülen bu şypahana Garaşsyzlyk ýyllarynda has-da kämilleşdi. Biz hem şypahananyň deri keselleriniň lukmany, uzak ýyllaryň tejribeli işgäri Bäşimyrat Berdimyradow bilen söhbetdeş bolanymyzda şypaly künjegiň kesel bejeriş aýratynlygy, çeşme suwunyň himiki düzümi barada  şeýle gürrüň berdi:

— Arçmandan bejergi almaklyk, onuň melhem suwuny içmekden başlanýar. Mineral suwy adamyň aşgazanynda turşulygyň derejesi pes bolanda, nahardan 15-30 minut öň, turşulygyň derejesi ýokary bolanda, nahardan 1,5 sagat öň 200-250  gram möçberinde içmeli. Turşulygyň derejesi mineral suwuň täsiri bilen kadalaşýar.

Arçmanyň kükürtli çeşmesi özünde kükürtli wodorody jemleýän köpsanly termal çeşmeleriň biri bolup durýar. Arçmanyň şypaly suwy himiki düzümi boýunça kükürtli-hlory, gidrokorbanatlary, natriýli, kalsiýli, magniýli gowşak aşgarlanan suwlar toparyna degişlidir. Şypaly suwuň düzüminde kükürtwodorodyň mukdary bir litrde 14-16 mg-a barabardyr. Suwuň temperaturasy 28,2-28,5 gradusa deňdir. Suwuň gury galyndysynyň düzüminde 24 dürli himiki element bar. 

Şypahana aşgazan-içege keselli, bagryň, öt çykarýan ýollaryň hem-de deri, daýanç-hereket synalarynyň, çetki nerw ulgamynyň keseli, ginekologiki näsaglary bejermekde giň meşhurlyk gazanandyr. Esasy bellemeli zatlaryň biri hem bu ýerde adamlaryň dag howasyndan dem alyp, dynç alýandygynda we ýokary derejede gurnalan lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanýandygydyr.

Şypahananyň içinde birnäçe bölümler hereket edip, onuň bejeriş bölüminde fizioterapiýa, owkalama, ifinerefleks bejeriş, ozokerit, ginekologiki, içege we kentlewik nemlendirmek, bejeriş bedenterbiýe otaglary bar. Suw bilen bejeriş bölüminde duş şarko, ýokary galýan duş, kontrast duş, gidromassaj otaglary ýerleşýär. Şypahanada “Arçman” çeşmesiniň bejeriş suwundan we türkmen topragynda ösýän dermanlyk otlaryndan taýýarlanylýan wannalar üçin otaglar hereket edýär.

Anyklaýyş bölümi bolsa rentgen, endoskop, ultrases barlag, elektrokardiograf we beýleki enjamlar bilen üpjün edilen. Bu enjamlaryň kömegi bilen näsagyň näsagyň dokumalaryň kadaly işjeňliginiň dikelýänligi sebäpli organizmde döreýän dürli patologiki ýagdaýlaryň öňüni almaga mümkinçilik döredýär. Saglygyny dikeldýän raýatlarymyzyň aşgazan-içege keselleriniň öňüni almak ýa-da olary wagtynda ýüze çykarmak, şoňa laýyklykda şypahana bejergisini geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Şeýle-de anyklaýyş bölüminde  hünärmenleriň, ýagny terawtiň, okulistiň, stomatologyň, newropatologyň, otolaringologyň, ginekologyň maslahatlaryny almaklyk üçin mümkinçilik döredilen.

Görşümiz ýaly, şypahanada köp keselleri bejermeklige uly mümkinçilik bar. Tebigy keramaty bilen müňlerçe adamyň saglygyny dikeldýän we ýokary derejede dynç almagy üpjün edýän “Arçman” şypahanasyna diňe bir ýurdumyzyň welaýatlaryndan däl eýsem, daşary ýurtly raýatlarymyzyň gelýän sany ýylba-ýyldan köpelýär.

Ýazga geçiren Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu