Özüňizi hemişe gowy duýup bilmeseňiz, güýjüňizi artdyryp bilmersiňiz. Hiç zat etmek islemeýän we öýden çykmak islemeýän bolsaňyz, irden käbir zatlary etmegi özüňize endik etmeli bolarsyňyz.
Irden turanyňyzdan soňra ýuwunmak we kofe içmek hemişelik çözgüt däldir. Ýerine ýetirýän işleriňizi goldajak we güýjüňizi has-da uzak saklaýan birnäçe maslahatlar:
Ertirlik edinmek
Ertirlik – günüň iň möhüm iýmitidir. Ertirlik edinmek günüňizi güýç bilen başlamaga mejbur eder. Gaty agyr we ýokary ýagly iýmitleri öz içine almaýan ertirlik naharyny saýlaň. Ertirlik naharyna belok goşmagy unutmaň.
Maşk, ýoga
Edil ertirlik edinmegi endik edişiňiz ýaly, maşk etmegi-de özüňize endik ediniň. Bedeniňizi berkitmek üçin gündelik maşklary ýerine ýetiriň, arassa howada ylgaň ýa-da gezelenç ediň. Ýoga edip, otrisatel energiýaňyzdan halas boluň.
Köpräk suw içiň
Kellagyry, ýadawlyk we böwrek daşlary ýaly köp keselleriň bejergisi bolan suw, günüň dowamynda energiýaňyzy saklamaga kömek eder. Eger-de beden suwsuz bolsa, onda ýadawlyk, ukusyzlyk we depressiw garaýyşlar peýda bolup başlar. Şonuň üçin hem günüň dowamynda köp suw içmegi unutmaň.
Gury iýmişler iýiň
Arahis we badam energiýaňyzy ýokarlandyrmaga täsir edýär. Ol ýag derejesini kadaly saklaýar.
Aýdym-saz diňläň
Keýpiňizi göterjek aýdymlary saýlamaga üns beriň. Awtoulagda, awtobusda, ýolda ýöräniňizde özüňizi dinamik ýagdaýda tutjak aýdym-sazlary diňläň.
Erkin HEZRETOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Farap etrap Geňeşiniň başlygy.