Kartoşkanyň gabygynyň hem edil kartoşka ýaly peýdalydygyny bilýäňizmi?
Kaliý çeşmesi
Daşy bilen bişirilen uly bir kartoşkanyň düzüminde takmynan, 1600 milligram kaliý bardyr. Kaliý diňe bir gidrasiýa we sport görkezijileri üçin möhüm elektrolit açary bolman, eýsem, gan basyşynyň peselmeginde-de uly rol oýnaýar.
Süýümiň çeşmesi
Ýene-de uly bir kartoşkada 7 gram iýmit süýümi bardyr. Bu süýüm siziň has uzak wagtlap dok bolmagyňyza ýardam eder, ýürek agyry we holesterin howpuny peseldip, süýji keseliniň döremeginiň öňüni alar.
C witaminiň çeşmesidir
Kartoşkanyň derisinde C witamini diýseň köpdür. Uly bir kartoşkanyň gabygynda 29 mg C witamini bar. Şeýle-de, antioksidant hökmünde ýaralary çalt bejermek üçin örän peýdalydyr.
Marganesiň gowy çeşmesi
Bu ýokumly madda bilen has az tanyş bolmagyňyz mümkin. Emma bu size zerurlygyň ýokdugyny aňlatmaýar. Marganes belokda, uglewodda we holesterini gaýtadan işlemekde möhüm rol oýnaýar we süňkleriň emele gelmegine-de kömek eder. Kartoşkanyň derisinde gündelik maslahat berilýän zerurlygyň 33 göterimi bardyr.
B6 witamine baý
Bu witamin ýürek-damar, iýmit siňdiriş, immun, muskul we nerw ulgamlary üçin örän möhümdir. Mundan başga-da, beýni gormonlary üçin hem peýdalydyr. Kartoşka, B6 witamininiň gündelik zerurlygynyň 46 göterimini kanagatlandyrýar.
Risalat PIRNEPESOWA,
Çärjew etrabyndaky 20-nji orta mekdebiñ mugallymy.