Sagdyn durmuşSlider

Tomusda näme iýmeli?

20-06-2022 / 15

Tomus pasly howasynyň yssylygy bilen tapawutlanýar. Bu möwsümde adamlara immunitetini göteriji gök önümleri we miweleri iýmek maslahat berilýär.
 Gök otlar: ukrop, petruşka, salat ýapragy – düzüminde A, B2, C, PP we immunitetiňi galdyryjy dürli aminokislotalary saklaýar, iýmit siňdirilişini kadalaşdyrýar. Olary bu möwsümde günde iýmek maslahat berilýär.
 Seldreýiň köki – düzümi K witamine örän baý bolup, süňkleri we myşsa dokumalary berkleşdirýär. Fosfor hem seldreýiň kökünde saklanyp, öýjük derejesindäki madda çalşygyny sazlaşdyrýar.
 Rediska – düzüminde kaliý, kalsiý, natriý, demir elementlerini saklaýar. Ol yzygiderli kabul edilen ýagdaýynda organizmdäki bar bolan toksiki maddalaryň daşary çykmasyna ýardam berýär.
 Sitrus miweleri – düzüminde saklanýan pektin holesteriniň derejesini kadalaşdyrýar, folewoý kislota nerw ulgamyny kadalaşdyrýar, depressiýadan çykmaga ýardam edýär.
 Apelsin, greýfrut, limon – düzüminde efir ýagyny saklaýar, ýakymly ys berýär we adamyň işe ukuplylygyny ýokarlandyrýar, dem alşyňy gowulaşdyrýar.
 Banan – Triptofen belogyna baý, ol serotanin garmonynyň işlenilip çykyşyny sazlaýar, serotanin-şatlyk garmony,ol adamy depressiýadan halas edýär, serotanin kelle beýniden ukuly wagtynda bölünip çykýar. Şeýlelikde, banan gijeki ukuny hem sazlaýar, immunitetiňi galdyrýar, zyýanly galyndy birleşmelerden bedeniňi arassalaýar.
 Alma, armyt – düzümi A, C, PP, E witaminlerine, ýod, demir, selen, kaliý, kalsiý elementlerine baý. Bu elementleriň ählisi jemlenip, adamyň ýaşaýyş güýjini ýokarlandyrýar, stress ýagdaýlardan baş alyp çykmaga ýardam berýär, ýürek-damar ulgamynyň işleýşini sazlaýar.

Näzikjemal HOJAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu