Sagdyn durmuşSlider

Garpyzyň derimiz üçin peýdasy

19-06-2022 / 25

Garpyz – derimiz hem-de bedenimiz üçin örän peýdalydyr.
Tomsyň yssy howasynda garpyz iýip suwsuzlygymyzy gandyryp bileris. Şol bir wagtyň özünde, garpyz öt we iç gatama keselleri üçin ajaýyp bejergidir. Düzüminde bar bolan köp mukdardaky magniý we kaliý ýokary gan basyşyny deňleşdirmäge ýardam edýär. Mundan başga-da, garpyz gan damarlaryna garşy häsiýetleri bolandygy üçin insult we damar okklýuziýasy ýaly keselleriň öňüni alýar.
Garpyz derimize ýeterlik derejede çyglylyk berip, derimiziň has janly görnüşe getirýär. Şeýle-de, garpyz saçymyzyň saglygy üçin möhüm rol oýnaýar. Deriniň öýjükleriniň täzelenmegini üpjün etmekden başga-da, saç follikulalaryny güýçlendirýär we dökülmeginiň öňüni alýar.


Garpyzyň iň möhüm taraplaryndan biri-de ýady güýçlendirýändigidir. Ýatdan çykarmak meselesini azaltmak bilen birlikde, konsentrasiýa meselelerini hem çözmäge ýardam edýär.
Sport bilen meşgullananyňyzdan soň ýitiren energiýaňyzy doldurmak üçin garpyz iýip ýa-da onuň suwuny içip bilersiňiz. Garpyz myşsalaryňyzyň rahatlanmagyna we dikelmegine-de ýardam edýär.
Garrylyga garşy garpyz maskasy
1 dilim awokado hem-de 1 dilim garpyz suwuny awokado püresi bilen gowy edip garyp, deriňize sürtüň. 5 minut garaşanyňyzdan soň ýüzüňizi sowuk suw bilen ýuwuň. Bu maskany hepde-de bir gezek ulansaňyz, ýüze çykýan ýygyrtlaryň azaldýandygyny görersiňiz!

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu