Sagdyn durmuşSlider

Her gün bir stakan mineral suw içsek näme bolar?

13-06-2022 / 16

Bedenimize gowy ideg etmegiň usuly sagdyn iýmitlenmek we yzygiderli maşk etmekdir. Bedenimiz üçin peýdaly boljak sagdyn minerallary almak üçin mineral suw içmek diýseň peýdalydyr. Bu barada degişli internet çeşmesinde habar berildi.

Her gün tebigy we sagdyn usullardan biri bolan bir stakan mineral suw içip, bedenimizi has-da sagdynlaşdyryp bileris. Hünärmenler her gün bir stakan mineral suw içmek arkaly saglyk bilen bagly käbir meseleleri ýeňip boljakdygyny aýdýarlar.

Mineral suwda köp sanly tebigy minerallar bardyr:

  • kalsiý
  • magniý
  • kaliý
  • natriý
  • bikarbonat
  • demir
  • sink

Magniý – baý mineral bolup, iç gatamagynyň öňüni almaga kömek edip biler. Geçirilen gözlegleriň netijesi magniýniň içegäniň myşsalaryny gowşadýandygyny görkezipdir. Adam bedenine bir günde ortaça 280-350 mg magniý gerek diýip hasaplanylýar. Myşsanyň saglygy üçin örän möhüm bolan magniý, erbet holesteriniň öňüni almaga hem kömek edýär. Magniniň köp bolmagy mineral suwuň gündelik zerurlygyny kanagatlandyrmaga kömek edýär.

Mineral suw, süňkler üçin iň möhüm mineral bolan kalsiniň (süňk, diş) çeşmesidir. Günde bir stakan mineral suw içmek, gündelik kalsiý talaplaryna laýyk gelýär.

Natriý – kislotanyň esasy deňagramlylygyny saklaýar.

Kalsiý – süňk we diş saglygyny berkidýär, nerw impulslarynyň ýokaşmagyna garşy göreşýär.

Florid – süňk we diş saglygynyň gowulaşmagyna ýardam edýär.

Magniý – muskul we nerw saglygy, ýürek saglygy we energiýa önümçiligi üçin hökmanydyr.

Kaliý – bedende suw balansy we öýjükleriň alyş-çalşygyny üpjün edýär.

Bikarbonat – iýmit siňdiriş ulgamy.

Sulfat – aşgazany, öt haltasyny we iýmit siňdiriş ulgamyny goramaga kömek edýär.

Eýsem, mineral suwy haçan içmeli?

Mineral suwy gündizine we agşamara içmek bolar. Tomus we gyş aýlarynda günde 1 stakan mineral suw içmek, bedeniň suwsuzlanmagy üçin maslahat berilýär. Çişmek we iýmitlenmezlik ýaly kynçylyklar üçin hem mineral suwy içmek peýdalydyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu