Sagdyn durmuşSlider

Bu aýratynlyk hiç bir gök önümde ýok

08-06-2022 / 18

B12 witamini adam bedeni üçin örän möhümdir. B12 witamini bedeniň öndürýän witamininiň bir görnüşi däldigi sebäpli, ony haýwan iýmitleri ýa-da goşundylar bilen almak zerur.

«Bu aýratynlyk hiç bir gök önümde ýok»

B12 witamini diňe haýwan iýmitlerinde bolýar. Ýöne ak kelemiň fermentasiýasy netijesinde, ýakymly tagamly we B12 witamine baý ferment-kelem emele gelýär.

Ak kelemiň peýdalary:

Bedenimizden toksini aýyrýar;

Biotransformasiýa mehanizmini işjeňleşdirýär;

Düzgünsiz gan aýlanyşyny sazlaýar;

Düwnük keseliniň öňüni alýar;

Kapilýar damarlarynyň ýarylmagynyň öňüni alýar;

Ýokary gan şekerini peseldýär.

Näme üçin B12 witamini zerur? Nerw ulgamyny güýçlendirýän we nerw öýjüklerini bejermek üçin zerur bolan bu witamin derimiziň ösmegi üçin zerurdyr. Ösümlik iýmitlerini iýýän wegetarianlar bu witamini ösümliklerden alsa-da, ony kabul etmek ýeterlik däl. Bu witamin beýleki ösümlik iýmitlerinde ýok diýen ýaly diýlip hasaplanylýar.

Maýsa AKMÄMMEDOWA,
Halaç etrabynyň 37-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu