Sagdyn durmuşSlider

Gawun iýseň, säher iý…

07-06-2022 / 10

Gawun – tomus möwsüminde iýilmegi maslahat berilýän önümleriň biridir. Adamyň umumy ösüşinde, onuň dogry iýmitlenmeginde gawunyň bitirýän işi az däl. Onuň özboluşly bejerijilik häsiýetleri bardyr.

Foliý turşulygy ýa-da B9, A witamini, P witamini, C witamini, beta-karotin gawunyň düzümine girýän witaminlerdir.

Köp mukdarda saklanylýan ösümlik süýümleri – gawunyň düzümindäki peýdaly maddalaryň esasylarynyň biridir.  Häzirkizaman lukmançylygynda ol, köplenç,  bedeni we içegeleri arassalamak  üçin  ulanylýar.

Gawunyň 100 gramynda 30-38 kkal energiýa bardyr. Olaryň sany gawunyň hiline, görnüşine bagly bolýar. Gawunyň kaloriýalarynyň az bolanlygy sebäpli, horlanmak üçin berhiz saklananda iýmek maslahat berilýär. Muňa garamazdan, gawunyň bir özüni  üç günden artyk iýmek maslahat berilmeýär.

Galyberse-de, gawuny ir säher bilen iýmek has peýdalydyr. Könelerimiz: «Gawun iýseň, säher iý…» diýip, ýönelige aýdan däldirler.

Gawunyň  kakadylan  görnüşiniň hem peýdasy az däl. Kak bilen içilen çaýyň lezzeti üýtgeşik ýakymly bolýar. Kakadylanda, gawunyň düzümindäki witaminleriň we mikroelementleriň ählisi  diýen ýaly saklanyp galýar. Kak hem gawun ýaly suwsuzlygy gandyrýar we  bedeni zyýanly maddalardan arassalaýar.

Ine, gawunyň peýdaly taraplarynyň käbiri bilen tanyş bolduňyz. Inçeden yzarlasak, onuň umumy ähmiýetini sanasaň sogaply. Gawunyň diňe özi däl-de, hatda ysy hem jana lezzet berýär. Gawunyň gadymdan ýetişdirilip gelinýän dürli görnüşleriniň bardygy bize mälim. Emma onuň iň gowulary biziň ülkämizde bitýär diýsek, öte geçdigimiz bolmaz.

Gawun iýiň, lezzet alyň!

Laçyn SÜLEÝMANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maldarçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu