Sagdyn durmuşSlider

Saz we saglyk

02-06-2022 / 13

Lukman bedeni bejerýän bolsa, sungat sagaldyjy, şypa beriji häsiýeti bilen adamyň ruhy-ahlak dünýäsine gönügendir.

Ata-babalarymyz sazlaryň adamyň ösen dünýäsine, saglygyna ýetirýän oňaýly täsiri dogrusynda birnäçe gymmatly maglumatlary galdyrypdyrlar. Muňa geçen asyrlarda ýaşan ençeme akyldarlaryň, şol sanda görnükli lukmanlaryň, şahyrlaryň, filosoflaryň ýazan işleridir edebi miraslary-da aýdyň şaýatlyk edýär. X — XI asyrlarda ýaşap geçen görnükli alymlar sazyň adamyň saglygyny berkitmäge, onuň özüni duýşuny gowulandyrmaga we beden agzalarynyň işini sazlaşdyrmaga edýän täsirine ýokary baha beripdirler.

Gündogaryň görnükli alymy Abu Nasr Al-Faraby «Saz ylmy» atly kitabynda sazlaryň ynsan saglygyna täsiri dogrusynda şeýle belleýär: «Sazyň üç görnüşi bar. Sazyň birinji görnüşi adama lezzet berýär, kalbyňda ýakymly, ajaýyp we köşeşdiriji duýgyny oýarýar. Gözellikleriň gözümize ýakymly bolup görnüşi ýaly, saz hem biziň gulagymyza hoş owaz bolup eşidilýär. Sazyň ikinji görnüşi höwes döredýär, köňlüňe joşgun getirýär. Ol adamda belli bir pikiri oýaryp, olary amala aşyrmaga itergi berýär. Şeýle saz ajaýyp suraty ýa-da heýkeli gören ýaly täsir edýär. Sazyň üçünji görnüşi ynsanyň hyýal duýgularyny oýarýar. Ol joşgun, hyjuw görnüşinde ruhy ahwalymyzy aňladyp owaza gelýär».

Lukmançylyk ylymlary ösmezden öň, irki döwürlerde adamlara birnäçe sazlary diňledip, olaryň saglygyny dikeldipdirler. Lukmançylyk ylmynyň esasyny goýujylaryň biri bolan Ibn Sina saz sungaty barada düýpli işleri ýazyp, ol sazy bejerişiň dermansyz usuly hasaplapdyr. Şeýle-de ol gülki, ýakymly yslar, berhiz bilen birlikde, sazy hassalary bejerende üstünlikli ulanypdyr. Adam aňyny öwrenmek bilen meşgullanýan alymlaryň belleýşi ýaly, biziň eramyzdan öňki III asyrda Parfiýa döwletinde ýörite saz gurallary we mukamlar arkaly nerw, ýürekgysma, ukusyzlyk we ýürek agyry kesellerini bejeripdirler.

Mähri ATAÝEWA,
Halaç etrabynyň Garabekewül şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň bagşy hünäriniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu