Sport bedeni we ruhy kemsiz taplap, ýeňişlere bolan erki we özüňe ynamlylygy terbiýeleýär. Sportuň käbir görnüşlerinde bedeniň hereket işjeňliginiň dürli depginleri sazlaşykly amala aşyrylýar.
Sportuň basketbol, woleýbol, gandbol, futbol ýaly görnüşleri çagalarda we ýetginjeklerde pikirleniş, hereket çalasynlygyny ösdürýän bolsa, erkin göreş, boks, karate gaýduwsyzlygyň, mertligiň, merdanalygyň, çydamlylygyň kemala gelmegine kömek edýär. Şonuň üçin hem sportuň dürli görnüşlerine ýaşlaryň gyzyklanmasy köpelip, sporta höwesjeň ýaşlaryň sanynyň artýandygy buýsandyrýar.
Ýetginjeklik döwründe, çaganyň beden we aň taýdan ösüşiniň iň çylşyrymly döwründe sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti has uludyr. Ýetginjegiň ýürek-damar ulgamy funksional özgerişlere sezewar bolýar. Şoňa görä-de, hut ýetginjeklik döwründe çaganyň işjeň hereketleri geljekde onuň güýçli, sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Ýetginjeklerde myşsalaryň işiniň kuwwatlylyk üpjünçiligi, ulularyňka garanyňda, üýtgeşik bolýar. Şol bir agram salynmalara we hereketlere olar has köp güýç sarp edýärler. Hut şu sebäpli hem ýetginjek, artykmaç agramy bar bolsa, tiz horlanýar. Ýetginjekler üçin niýetlenen türgenleşikler hem örän uzak dowam etmeli däldir.
Ýetginjekleriň bedeniniň ýene-de bir aýratynlygy, uly adamlaryň bedenine garanyňda, tiz dynç alyp ýetişýänligidir. Diýmek, ýetginjekler ýygy-ýygydan, ýöne gysga wagtlaýyn türgenleşikleri geçirip biler. Uly adamlara hepde-de 1-3 sagatlyk 2-4 sapar türgenleşik geçmek maslahat berilýän bolsa, ýetginjekler hepdede 1-2 sagatlyk 5-7 sapar türgenleşik geçip bilerler. Ýetginjek günde azyndan 60 minut işjeň hereketde bolmaly.
Oguljan RAJAPOWA,
TMÝG-niň Döwletli etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.