Sagdyn durmuşSlider

Sen entegem taşlamadyňmy?

24-05-2022 / 13

Ýaşlaryň tötänleýin ýalňyş ters hereketi üçin jemgyýetiň wekilleri tarapyndan ýazgarylmagy, utandyrylmagy, özüni oňaýsyz we çykgynsyz ýagdaýda duýmagy we öz deň-duşlaryndan gaça durmagy netijesinde özlerinde duş gelýän kynçylyklary ýeňip geçmek maksady bilen zyýanly endiklere, ýagny çilim çekmeklige baş goşýan halatlaryna duş gelinýär.

Eger-de ýetginjege wagtynda kömege ýetişilmese şeýle ýagdaýda ýetginjegi inkärlemeli däl-de, duş gelen kynçylyklaryny bilelikde çözmeklige çalyşmaly. Şu ýerde temmäki we temmäki önümleriniň bedene zyýanlylygy barada durup geçsem ýalňyşmazmykam diýýärin. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň habar bermegine görä, çilim çekmeklik zerarly ýüze çykýan kesellerden ýer ýüzünde millionlarça adamlaryň, şol sanda çilim çekmeýän,  ýöne çilim tüssesinden dörän keselleriň netijesinde ölüme sezewar bolýanlygy barada belläp geçilýär.

Çilimiň düzümindäki nikotin ýetginjegiň bedenini doly özüne bagly edýär. Çilim çekilende içine sorýan tüssesi onuň dem alyş ulgamyna zeper ýetirmän, eýsem içki agzalarynyň ählisine zyýan edýär. Şepbik we bogujy gaz bu esasy kesel dörediji maddalardyr. Şepbik öýkende dürli keselleriň ötüşen görnüşiniň we öýkende, dem alyş ýollarynda çiş (rak) keseliniň döremegine getirýär. Bogujy gaz gan damarlaryna kislorodyň gelmegini peseldýär, çilimkeşiň ýürek gan damar ulgamynyň ejir çekmegi netijesinde insult, infarkt we anewrizm (gan damarlarynyň giňelmegine) şeýle-de demgysma keselleriniň möwjemegine, bedendäki dürli ýaralaryň, kesmeleriň haýal bitmegine, immun ulgamynyň pese düşmegine getrýär.

Çilim çekýän adamlaryň ys we tagam duýgurlygynyň peselmegine, wagtyndan öň bedeniň garramagyna, agzyndan ýakymsyz ysyň gelmegine we dişleriniň saralyp wagtyndan öň dökülmegine getirýär.

Çilim çekýän adam bedenine çilimiň tüssesiniň maddalarynyň 20 göterimini özüne sorup bedenini zäherleýän bolsa, galan 80 göterimini daş töweregindäki adamlaryň bedenine aralaşmagyna getirýär. Temmäki önümlerinden we temmäki tüssesinden döreýän keselleriň öňüni almak maksady bilen biz — Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň wekilleri ýaşlary arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Ählimiz agzybirlikde çilimkeşlige garşy göreşi güýçlendirsek, biz ýaşlarymyzy temmäki tüssesiniň täsirinden gorarys.

Selbi AŞYROWA,
TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu