- Eger-de endamyňyz çişýän bolsa, reýhan gülüni ýenjip çişen ýerine sürtse em bolar.
- Her wagt gözüňizden ýaş akýan bolsa, onda geçi ýüňüni gözüňize ýapyň.
- Sogan iýmegi endik edinen adamyň kelleagyry bilen işi bolmaz.
- Dişiňiz agyrsa haýal etmän sarymsagy oda gömüp ýapmaly.
- Sarymsak iýmäge endik etseň bedeniň sowukdan ýa-da ýelden hergiz azar çekmez.
- Kimdir biriniň damagy dolup sesi tutulsa, turp tohumyny gaýnadyp bokurdagyny çaýkamaly.
- Eger-de aşgazanyňyz agyrýan bolsa, her wagt ýagyş suwuny gaýnadyp içmek maslahat berilýär.
- Gulak agyry üçin iň peýdaly hasaplanýan zatlaryň biri-de reýhan gülüni guradyp, gulagyňa damdyrmakdyr.
- Badam ýagyny göze sürtseň röwşen bolar.
- Kädi çigidiniň tohumy aşgazany düzedip, barça ýeli dep kylar.
- Üsgülewikli adamlara armyt tohumyny gaýnadyp içmek maslahat berilýär.
Toplan Nurana ALLAÝEWA,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.