Erik – tomus miweleriniň iň halanýanlarynyň biri. Bu miwe gadym döwürlerden bäri Aziýa ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Erigiň beýleki miwelerde bolmadyk peýdaly taraplary diýseň köpdür.
Erigiň düzüminde 10 göterim şeker, şeýle-de limon, alma, salisil kislotasy bardyr. Bulardan başga-da, onuň düzüminde P, B1, PP, С witaminleri, karotin, käşirde, ýumurtganyň sarysynda, süýtde bolýan mämişi-sary pigment köp. Üstesine-de, erigiň düzümindäki 16 mg karotin başga hiç bir miwede hem ýokdur. Erik kaliý maddasyna baýdygy üçin ýürek-damar keselleri bilen kesellänlere has peýdalydyr. Ol kaliýden başga-da, fosfor we magniý elementlerine baýdyr. Bu mineral maddalar beýniniň damarlaryna täsir edip, onuň işjeňligini kadalaşdyrýar.
Erigiň düzümindäki şire bolsa, bedenden toksini (mikroorganizmlerden döreýän zyýanly maddalar) we holesterini çykarmaga ýardam edýär. Aşgarlaýjy maddalar bolsa, berkidijilik taýdan täsir edýär. Çagalara we uly ýaşlylara erik iýmek bilermenler tarapyndan maslahat berilýär. Çünki erik nerw ulgamyny kuwwatlandyrýar we ýadawlygyňy aýyrýar. Yzygiderli erik iýmek deriniň ýaşarmagyna hem-de göz görejiniň ýitileşmegine-de oňyn täsirini ýetirýär. Erikden we onuň kişdesinden şire taýýarlanylýar. Kakadylan erik, esasan hem gyş we ýaz aýlarynda has köp iýilýär.
Taýýarlan Humaý MEREDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.