Maşk etmek – saglygyna üns berýän adamlaryň häsiýetli endigi. Beden maşklaryna günde 10 – 15 minut wagt sarp etmek ýeterlik. Netijede, onuň peýdaly taraplaryny duýarsyňyz. Ir säher bilen maşk etmek, diňe bir fiziki däl-de, akyl işjeňligini artdyrmagyň hem ajaýyp usulydyr.
Irdenki beden maşklarynyň peýdasy:
- Şähdiňi açýar;
- gan aýlanyşygy kadalaşdyrýar;
- myşsalaryňy güýçlendirýär;
- hereketsizligi aradan aýyrýar;
- bedeniň oýanmagyny tizleşdirýär;
- bogunlaryňy berkidýär;
- bedeniňi dik we syrdam durka getirýär;
- oňurgalaryňy çeýeleşdirýär.
Maslahatlar:
Maşk etmäge girişmezden ozal dişleriňizi ýuwup bilersiňiz, ýöne ertirlik naharyny iýmäň. Şeýlelik bilen bedenimiz ýag ätiýaçlyklaryny ulanar we türgenleşmek has aňsat bolar. Mümkin bolsa, balahanada ýa-da howluda türgenleşip bilersiňiz. Maşk edeniňizde aşa gyzmakdan saklanmaly. Hereketlere päsgel bermejek eşikde türgenleşmeli. Maşkyň haýsy görnüşini ýerine ýetirýändigiňize garamazdan, dem alşyňyza üns beriň. Wagtyň geçmegi bilen gönükmeleriňizi çylşyrymlaşdyryp bilersiňiz.
Berdimyrat GURBANOW,
Türkmenistan Ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap hünärmeni.