Aýdym-sazyň köp peýdasynyň bardygyny dürli gözlegler subut etdi. Nusgawy sazyň çagalary rahatlandyrýan, işdäki stresleri azaldýan, ünsi artdyrmak arkaly öndürijiligi ýokarlandyrýan we başga-da köp zatlara peýdalygyny bilýärmidiňiz?!
Gözlegler nusgawy sazy diňleýän adamlaryň has gowy ýatlamalarynyň bardygyny görkezýär. Jadyly bellikler dünýäsine çümen adamlarda ýat bilen gönüden-göni baglanyşykly beýni tolkun hereketleriniň köpelmegi kesgitlenildi. Möhüm çykyşy ýatda saklamak isleseňiz, tejribe wagtynda nusgawy saz diňlemek peýdaly bolup biler.
Dürli gözlegler, nusgawy sazyň tempiniň adam ýüreginiň adaty urgusyna meňzeş akymyň bardygyny görkezýär. Aladany we stresleri azaldýan bu temp sebäpli, gönüden-göni bejergi hökmünde ulanylmasa-da, depressiýa bejergisinde nusgawy saz ulanylýar. Käbir nusgawy saz eserleri beýniniň işjeňligini ýokarlandyrýar we döredijilikli pikirlenmäge itergi berýär.
Uklamak meselesi soňky döwürde adaty bir mesele. Köşeşdiriji täsiri bilen tanalýan nusgawy saz, uklamagyňyzy hem aňsatlaşdyrýar. Ýatmazdan ozal nusgawy saz diňläp, ukyňyzyň hilini ýokarlandyryp bilersiňiz.
Ömür ÝAGMYROW,
Saýat etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.