Sagdyn durmuşSlider

Horlanmagy aňsatlaşdyrýan 5 maslahat

21-04-2022 / 202

Horlanmak üçin uly erk gerek. Bu döwürde siziň saglyk ýagdaýyňyza görä ýörite berhiz saýlanmalydyr. www.doktortakvimi.com saýtyndan alnyp, terjime edilen bu makalada size diňe berhiz hökmünde däl-de, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak üçinem gerek bolan maslahatlary bereris:

  1. Nahar gutaran badyna saçakdan turuň.

Saçakda maşgalaň bilen söhbetleşip oturmak, geçen gün barada pikir alyşmak, elbetde, gowy zat. Emma bu söhbetdeşligiň ýeri saçagyň başy bolansoň, ýagdaý biraz üýtgeýär. Dürli naharlar, iýim-içimler saçakda bar bolansoň, dok bolmagymyza garamazdan, az-azdan iýmitlenýäris. Biz muny psihologiki hem däl, endik sebäpli hem däl, bedenimiz nahary görüp, garmon öndürýändigi sebäpli bir zatlar garbanyp oturýarys. Örän köp iýendigimizi bolsa, saçagyň başyndan turanymyzdan soň duýýarys. Şol sebäpli nahar dynansoň, derrew saçak başyndan turmak maslahat berilýär.

  1. Saçaga nahar gabyny getirmäň.

Elbetde, bu däp biziň jemgyýetimizde ýok, emma muňa garamazdan, käbir maşgalalarda edilýän bolmagy mümkin. Gazany saçagyň başyna alyp, şol ýerde naharlanmak dogry däl. Saçaga diňe iýiljek nahary getirmek, her adama bir porsiýa bermek ýeterlikdir.

  1. Nahar iýip oturkaňyz arasynda gürrüňleşiň, eldäki çemçäni ýa-da wilkany elden düşürüň.

Naharyň başynda gürlemezlik hakda ulularymyzdan köp eşitdik, emma indi bu sözleri ýatdan çykarmaly bolarys. Gürlemän derrew nahar iýmek, gürläp ýuwaş iýilýän nahardan zyýanlydyr. Şol sebäpli arasynda çemçäni goýup, gürleşip nahar ediniň. Şeýlelikde, nahar tiz siňer, hem-de doýma duýgusy dörär.

  1. Satyn aljak iýmitiňiziň sanawyny düzüň we dükana dok garna gidiň.

Geçirilen barlaga görä, amerikalylaryň 62 göterimi planlamazdan söwda edýär. Bizde hem ýagdaý tapawutly bolman biler. Bizde has köp alaly diýlip, ýörite marketing usullary ulanylýar. Üstesine garnymyz hem aç bolsa, onda gerek däl zatlary hem satyn alýarys.

  1. Miwe alanyňyzda kiçilerini almaga synanyşyň.

Witamin we mineral çeşmesi bolan miweler elbetde köp iýilmelidir. Emma miwe iýilende hem çenden aşa iýmeli däl. Miweler hem köp iýilende aşa kaloriýa bolup, semremäge itergi berer.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu