― Welosiped bedende geçýän madda çalşygyny ýokarlandyrýar we aşgazan-içege ulgamynyň yrgyldyly hereketini artdyrýar. Işdäni açýar, iýmit siňdiriş ulgamyny gowulandyrýar;
― bedeniň umumy çydamlylygyny artdyrýar, adam özüni ynamly, edermen we keýpiçag duýýar;
― günüň dowamynda alnan fiziki ýüklenmelere, agyr işlere çydamlylygy artdyrýar;
― bedeniň durky gözelleşýär, aşa agramlylygy (semizligi) aýyrmaga peýdasy degýär;
― yzygiderli welosiped sürmek bedende gan aýlanyşygy gowulandyrýar;
― bedenimizdäki ýaglary aýyrmakda uly orun eýeleýär;
― ýüzümizdäki ýygyrtlary aýyrýar we maýyşgaklygy ýüze çykarýar. Şol wagtda bedenimize ýygnanan zäherli we zyýanly maddalary der bilen çykarýar;
― beýnide emele gelýän sertonin, dofamin ýaly «şatlyk dörediji» gormonlaryň çykarylyşyny artdyrýar. Dürli pikirlerden, ýaramaz endiklerden saplaýar. Adamyň özüni duýşuny, keýpini sazlaýar. Gaýgy-aladany, ünjüni azaldýar;
― welosiped sürmek akyl-paýhas oýunlary bilen meşgullanýan adamlar üçin has peýdalydyr. Sebäbi ol beýnä kislorodyň gelmegini artdyrýar. Ýatkeşligi hem gowulandyrýar;
― alymlaryň tejribede gelen netijelerine görä, her günde 30 minut töweregi welosiped sürmeklik energiýany ýeterlik harçlamaga, ruhubelentligi döretmäge kömek edýär.
Hatyja ÖRÄÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.