Käbir iýmitler dogry we ýeterlik mukdarda iýilmese, saglyk üçin howply bolup biler. Biz şeýle önümleriň birnäçesini jemledik. Agzalan iýmitler, aşa köp iýilende ýa-da dogry taýýarlanmasa, käbir garaşylmadyk tötänliklere sebäp bolup biler.
Badam
Alymlar tarapyndan dünýäde iň ýokumly iýmit diýlip yglan edilen badam zäheriň çeşmesidir. Esasanam çig ajy badam sianid bilen gaplanan iýmitdir. Bu zäheriň täsiriniň ýok bolmagy üçin ajy badam belli bir derejede gyzdyrylmalydyr.
Şokolad
Bir oturanyňyzda, takmynan, näçe şokolad iýip bilersiňiz? Näçe köp iýseňizem, 10 kilogramdan geçmezlige synanyşyň. Çünki 10 kilogramdan gowrak şokolad iýmek zäherlenmä sebäp bolup biler. Zäherlenmek barada aýdylanda, hatda az mukdarda berlen şokolad, pişikdir itlere hem zyýanlydyr. Şonuň üçin kiçijik dostlaryňyzy şokoladdan daşda saklaň!
Pomidor we ýeralma
Pomidoryň zäherli bolup biljekdigi barada, megerem hiç kim pikir edip görmedik bolsa gerek. Biologiki taýdan miwe hökmünde ýaşyl ýapraklarynda we pomidoryň baldaklarynda solanin atly toksin bar. Bu toksin ýürek bulanmagy, garyn agrysyny döredýär. Şol bir zäherli madda gögerip başlan we ýaşyl öwüsýän ýeralmada-da ýüze çykýar. Hut şol sebäpden ýeralmanyñ gögermeginden we gök öwüsmeginden uzak durmaly.
Kömelek
Elbetde, zäherli iýmitler hakynda söz açylanda akylymyza ilkinji bolup kömelek gelse gerek. Dünýäde ýüzlerçe kömelek görnüşi bolup, olaryň käbirleri iýmek üçin bütinleý howpsuz we sagdyn, beýleki bir topary bolsa tersine gysga wagtyň içinde zäherlemäge ýa-da ýaramaz täsirlere çenli eltip bilýär.
Siz hem iýýän her bir iýmitiňize üns beriň!
Maksat AKYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.