Oraza aýynda nämeler iýmeli diýen soraga jogap bermezden ozal, agzymyz bekli wagtynda bedenimizde nähili hadysalar bolýarka?
Oraza döwründe 15-16 sagat aç gezmeli bolýarys. Bu açlyk döwründe beden özüni täzeleýär, bejerýär hem-de bedeni toksinlerden arassalaýar. Ilkinji hepdede, esasanam ilkinji birki günde beden täze iýmitlenme wagtlaryna öwrenişýänçä kelle agyry, halsyzlyk ýagdaýlary döreýär. Bu ýagdaý wagtlaýyn adaptasiýa ýagny, geçiş döwrüdir. Sagdyn bolan adamlar agyz beklemelidir. Diýabet, ýürek, islendik organ ýetmezçiligi, göwreli ýa-da ýarawsyz adamlar agyz beklemeli däldirler.
Sagdyn şahsyýetiň fiziki we psihologiki taýdan peýdaly agyz beklemegi üçin selälik we agyzaçar menýusy örän ähmiýetlidir.
Oraza aýynda iň ähmiýetli zat selälikdir. Selälige turmazlyk goýberilýän iň uly ýalňyşlyklardan biridir. Selälige turup, nahar edinmezlik bedende metabolizmanyň peselmegine, myşsalaryň güýçden gaçmagyny eltip bilýär. Selälikde düzüminde belok bolan iýmitleri köpräk iýmeli. Ýumurtga, az duzly peýnirler, gan şekerini sazlaýjy däneli önümler, gök-önümler, gury iýmişler, duzsyz zeýtun şeýle-de süýt önümleri ýaly peýdaly suwsatmajak hem-de dok saklajak önümler iýilmeli. Selälikde hamyr önümlerini, süýjüdir aşa ýagly naharlary iýmezlige çalyşyň.
Orazada ikinji ähmiýetli zatlaryň biri-de agzaçardyr. Agyz açylanda suw we hurma bilen açylsa gowy bolar. Ondan soňra bir şakäse çorba içmeli. Soňra esasy nahara geçmezden ozal 10-15 minut arakesme edip, esasy nahara geçilse has peýdaly. Soňra bedeni witamin we minerallar bilen kaganatlandyrjak, dogry usullarda bişirilen esasy naharlar, işdäaçarlar iýilmeli. Agyr naharlardan, ýagly hem-de aşa etli naharlardan saglygymyz üçin saklanmalydyrys. Suwuň deregine bolsa gazly ýa-da reňkli suwlary içmeli däl.
Agyz açylandan soňra iki sagat ýaly wagt geçirip miwedir gury iýmişleri, süýtli süýjülikleri iýip, saglygyňyzy gorap bilersiňiz. Şerbetli, aşa süýji önümleri oraza aýynda iýmeseňiz has ýerlikli bolar.
Sagdyn oraza geçirmegiňizi arzuw edýäris!
«TürkmenGazet».