Sagdyn durmuşSlider

Agyz beklemegiň saglygymyza peýdasy

30-03-2022 / 11

Uly hem-de şöhratly taryhy ýoly geçen halkymyz iňňän gadymy döwürlerden bäri aňy, ruhy, kalby bilen Oraza baýramyna ruhy tämizligiň we ahlak arassalygynyň, ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar.

Oraza tutmak, agyz bekleme döwri mukaddes we şol bir wagtda üýtgeşik döwür. Lukmançylyk tarapdanam, dini tarapdanam seredenimizde, bu döwür bedenimize agram salýan artykmaç zatlardan, ruhy dünýämizi agyrlaşdyrýan pikirlerden dynmaga ýardam edýär. Biz mukaddes Oraza aýynda agyz beklemek arkaly beden we ruhy dünýämizde “ýowar” geçirmäge mümkinçilik alýarys. Agyz bekleme döwründe adamyň bedeni we ruhy şypa alýar. Ol hemmelere bagt we ýagşylyk arzuwlaýar, özüniň kimdigi, nähilidigi we öz edýän işleri barada oýlanýar. Bu döwürde adamyň saglygyna zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden gaça durmagy soňabaka endige öwrülip gitmegine hem itergi berýär. Bu bolsa ýüregimiz, köňlümiz, tutuş bedenimiz üçin hakyky peşgeşdir. Biziň döwrümizde aç bolmagyň saglyga peýdalydygy ylmy taýdan tassyklanandygy üçin, ol lukmançylykda bejergi usullaryň biri hökmünde ulanylýar.

Biologiki nukdaýnazardan alanyňda açlyk — adam bedeni üçin peýdaly bolup, onuň goraýjylyk ukybyny galkyndyrýandyr. Sebäbi adamyň bedenine iýmitiň barmasy kesilen ýagdaýynda, ol ähli güýjüni bedendäki zyýanly mikroblary öldürmäge, “zibillerden” arassalanmaga, howply çişlerden we täze döremelerden dynmaga gönükdirýär. Agyz beklemäniň beden üçin peýdasy köpdürlüdir. Onuň netijesinde biz  bedeniň artyk agramyndan dynyp, immun ulgamyň işleýşini gowulandyryp, bedeniň maddalary alyş-çalyş prosesini has kämilleşdirip, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini ýeňilleşdirip, adamyň özüne erk etmek häsiýetini terbiýeläp bileris.

Akbibi KERIMOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu