Sagdyn durmuşSlider

Saçyňyz üçin limon ulansaňyz…

26-03-2022 / 103

Limonyň peýdasy sanardan köp bolsa-da, saç üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Saçyň ýalpyldawuk görünmegine kömek edýän limon saçda ýitirilen janlylygy dikeldýär.

Çaý we bezeg salatlary bilen hyzmat edilýän limon derini ýagtylandyrmaga we şol bir wagtyň özünde täzelemäge kömek edýär. Otagdaky negatiw energiýalardan dynmaga kömek edýär. Adamy rahatlandyrýan we gyş keselleri üçin peýdaly limon gan akmakda, ýanykda we menek yzlary ýaly köp meseläni aňsatlyk bilen ýeňip geçýär. Horlanmak isleýänleriň iýmit sanawyna ýolbaşçylyk edýän limon, saç üçin hem örän peýdalydyr. Saçyňyz üçin ulanyp başlamazdan ozal, limonyň peýdalaryny özleşdirmek gaty möhümdir. Limony saçyňyza nädip ulanmalydygy barada birnäçe maglumatlar:

Limonyň saç üçin peýdasy:

Saçdaky kepekden dynmaklyga ýardam edýär. Şeýlelik-de, saçyňyzy erkin açmaga giň mümkinçilik alarsyňyz. C witamin, kalsiý, magniý, kaliý, mis, fol turşusy we süýümi köp bolan limon saçlary güýçlendirýär. Kelläni arassalaýan limon has täze görnüş berýär. Saçda bar bolan ähli hapalary arassalamaga kömek edýär.

Içindäki limon kislotasynyň kömegi bilen saçyň reňkini tebigy ýagdaýda ýeňilleşdirmäge uly goşant goşar.

Ýagly saçlar üçin hem limon peýdalydyr. Eger-de saçyňyz ýagly bolsa gysga wagtyň içinde bu kynçylykdan dynmaga kömek eder. Limon saçlary iýmitlendirýär we ýaglanmagyň öňüni alýar.

Saçdaky ýanma we gyjyndyrma duýgusyny ýok edýär. Gaty basyş bilen däl-de, tegelek hereketler bilen ulanmaga synanyşyň.

Limony suw bilen garyşdyryp ulanyň. Göni kelläňize guýmaň. Saçyňyz üçin limon suwuny hepdede bir ýa-da iki gezek ulanyp bilersiňiz.

100 gram limonyň ýokumlylygy şu aşakdakylardan ybarat:

  • Suw: 88,98 gr;
  • Energiýa: 29 kkal;
  • Belok: 1,1 gr;
  • Jemi ýag: 0,3 gr;
  • Karbes: 9.32 gr;
  • Süýüm: 2,8 gr;
  • Şeker: 2,5 gr;
  • Kalsiý: 26mg;
  • Demir: 0,6mg;
  • Magniý: 8mg;
  • Fosfor: 16 mg;
  • Kaliý: 138 mg;
  • Natriý: 2mg;
  • Sink: 0.06 mg;
  • C witamini, askorbin kislotasynyň umumy mukdary: 53 mg;
  • Tiamin: 0.04mg;
  • Riboflawin: 0.02mg;
  • Niasin: 0,1mg;
  • B-witamin: 0.08mg;
  • Folate, DFE: 11 mg;
  • B-12 witamini: 0 mg;
  • RAE: 1 mg A witamini,
  • IU: 22 IU E witamini;
  • Aalfa-tokoferol: 0,15 mg;
  • D witamini (D2 + D3): 0 mg;
  • D witamini: 0 IU K witamini;
  • Filokinon: 0 mg;
  • Holesterin: 0mg;
  • Kofein: 0mg.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu