Lukman Ibn Sina maslahatlarynyň birinde bala garylan nar iýmegiň saglyk üçin örän peýdalydygyny aýdýar.
Nar – immun ulgamyny güýçlendirip, bizi köp kesellerden, esasanam düwnük keselinden goraýar. Witaminleriň, polifenollaryň, antosýaninleriň we taninleriň üsti bilen holesterini we şekeri deňleşdirýän nar, diňe bir ýürek-damar saglygymyzy goraman, eýsem, düwnük öýjükleriniň ösmeginiň hem öňüni alýar.
Lukman alym Ibn Sina, «Al-Kanun fi’t Tibb» atly kitabynda nar bilen baly garyşdyryp iýmegi tabşyrýar. Şeker, organiki kislotalar, witaminler, fol turşusy, minerallar, aminokislotalar, sterollar, fosfolipidler, falwonoidler, polifenollar we fermentler bolan bal iň tebigy antibiotikdir.
- Bala garylan nar ilki bilen bokurdak ýokançlyklaryndan gutulmaga kömek edýär.
- Nara bal guýup, ony iýmek ýürek bulanmasyndan ejir çekýänler üçin has peýdalydyr.
- Aşgazan spazmlaryna rahatlandyryjy täsir edýär.
- Nar, bal bilen iýilende içegäniň işleýşiniň kadalaşdyryjy täsirini ýokarlandyrýar.
- Içege kesellerinden, esasanam içegäniň düwnüklerinden goraýar.
- Nar däneleri bilen garylan bal ýaralaryň tiz bejeriş güýjüne eýe bolýar.
«TürkmenGazet».