Durmuşda süýjüleri halamaýan ynsanlara seýrek gabat gelýäris. Süýjüler çagalaryň we ulularyň söýýän ýakymly tagamy bolmakdan başga-da, olaryň beden saglygymyz üçin örän uly peýdalary bar.
Mysal üçin, şokolad tebigy antidepressantdyr we köplenç möwsümleýin depressiýa we ýakymsyz wakalarda bize kömek edýär. Süýji we şokolad bedenimize gowy ruhy lezzet üçin jogap berýän bagtyň gormony bolan serotonini köp mukdarda öndürmäge kömek edýär, şeýle hem lezzet duýgusyny ýa-da şadyýanlygy döredýän endorfinleriň derejesini ýokarlandyrýar. Mundan başga-da, şokolad, bize zerur bolan energiýany güýçlendirip bilýär. Şekeriň düzüminiň 99,9% uglewod bolmagy onuň hakyky ideal energiýa çeşmesidigini aňladýar. Bilşimiz ýaly, keýpimiz gönüden-göni bedenimizdäki energiýa baglydyr. Agşamlygyna diňe limon bilen çaýy gury içmän, şokolad bilen içmeklik gyşyň möwsümleýin kesellerinden azat edýär.
Süýjüler beýniniň işjeňligine täsir edýän iýmitleriň arasynda birinji orunda durýar. Süýjüleriň peýdalary we zyýany esasan gündelik sarp edilýän mukdara baglydyr. Süýjiniň oňyn täsiri, günde 50 gramdan köp almasaňyz mümkindir.
Fiziki zähmet, sport bilen meşgullanmasaňyz we azajyk hereket etmeseňiz, süýjüleriň ulanylmagy azaldylmalydyr. Süýjülerden ýüz öwrüp bilmeýän bolsaňyz, fiziki işjeňligiňizi artdyrmaga, has köp ýöremäge, maşk etmäge synanyşyň, soň goşmaça agram bilen göreşmeli bolmaz.
Adam bedeni üçin iň peýdaly şokolad gara şokoladdyr we bularyň hemmesi köp mukdarda tebigy kakao barlygy bilen baglanyşyklydyr. Gara şokoladyň düzümindäki maddalar gan holesterini azaldýar, ýüregimiziň işleýşini gowulaşdyrýar, derini wagtyndan öň garramakdan, ýygyrtlaryň döremeginden goraýar we garrylyk döwründe demgysmanyň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Ilki bilen ýatda saklamaly zat, şokoladyň düzüminde köp mukdarda flawonoid bar. Bular gandaky azot oksidiniň bölünip çykmagyna itergi berýän we ähli içki organlara gan üpjünçiligini gowulandyrýan maddalar. Olaryň köp peýdaly häsiýetleri bar, mysal üçin, merkezi nerw ulgamynyň işleýşini gowulandyrýar, bedenden antioksidantlary aýyrýar, gan basyşynyň deňagramlylygyny ýokarlandyrýar. Şoňa laýyklykda, kakao däneleri näçe köp bolsa, şokoladyň hili şonça ýokarydyr. Gara şokoladyň kömegi bilen gan basyşyny peseldip bilersiňiz, sebäbi islendik kakaoda semizligi bejerýän madda bar. Gara şokolad abadançylyga täsir edýär, aladany we nerw dartgynlygyny peseldýär. Nerw dartgynlylygyndan we agyr stresden ejir çekýän adamlar iýmitine gara şokolad goşmalydyrlar. Süýjüleriň düzümine uglewodlar — fruktoza, glýukoza, laktoza, sukroz we beýleki uglewodlar, ýaglar ýa-da lipidler girýär.
Emma, süýjüleriň kaloriýasy ýokary bolany üçin, olary aşa ulanmaly däldir. Aňsat siňdirilýän uglewodlary aşa köp sarp etmek, bedende ýagyň döremegine, adamyň agramy ýokarlanyp we semizligiň ösmegine getirýär.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:
Hojamyrat ORAZBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.