«Göz — kalbyň aýnasy» diýilýär. Aslynda welin, gözler ynsanyň tutuş bedeniniň aýnasydyr. Çünki görüş agzalarynyň ýagdaýyna görä, içki organlaryň syrkawlama alamatlaryny anyklamak mümkin. Bular dogrusynda «Rossiýa1» telekanalynda rus oftalmolog lukmany Dmitriý Dementýew giňişleýin gürrüň etdi.
Gözler ilkinji nobatda bedendäki holesteriniň derejesiniň ýokarydygyny tiz mälim edýär. Şeýle-de gözleriň saralmagy bilen gepatit keseliniň ilkinji alamatlaryny anyklamak mümkin.
Ekspertiň gürrüňlerinden çen tutsak, gözleriň guramagy «A» witamininiň we arassa howanyň ýetmezçiliginden habar berýär. Şeýle-de stress ýagdaýy hem gözleriň bu hala düşmegine getirýär. Göz lukmany gündelik iýmitimiziň düzümine käşiri goşmagyň hökmany ýagdaýdygyny nygtaýar.
«TürkmenGazet».