Reportaž

«Türkmeniñ döwletlilik ýörelgesi» kitaby koreý dilinde

07-02-2022 / 9

7-nji fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Daşary işler ministrliginiñ guramagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniñ döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyñ koreý dilindãki neşiriniñ tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara türkmen-koreý diplomatik gatnaşyklarynyñ ýola goýulmagynyñ 30 ýyllyk senesi bilen gabat geldi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzyñ ýokary okuw mekdepleriniñ rektorlary, gazet-žurnallaryň baş redaktorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ wekilleri, iki ýurduñ diplomatik işgärleri, talyp ýaşlar şeýle-de Koreýa Respublikasynyñ ylmy jemgyýetiniñ wekilleri wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Institutyñ milli koreý lybasly talyp ýaşlary dostlukly halkyň myhman kabul etmek däplerine eýerdiler. Zehinli talyplaryň ýerine ýetirmeginde iki döwletiň medeniýetini we sungatyny utgaşdyran aýdym-sazlar dabara aýratyn öwüşgin berdi.

Çykyş edenler täze neşiriň iki ýurduň arasynda netijeli dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýakyndan ýardam etjekdigini bellediler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu