ReportažSlider

Aşgabat toý lybasynda (foto)

25-09-2024 / 527

Türkmenistanyň ähli welaýatlary, «Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen ak mermerli paýtagtymyz hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher — Arkadag şäheri şu günler uly toýlaryň ruhy joşgunyna beslenýär.

Aşgabat we Arkadag şäherleriniň giň hem tämiz köçeleriniň, owadan şaýollarynyň ugrundaky elektron tablolarda ýazylan «Garaşsyzlyk — bagtymyz», «Dünýäde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan atly beýik döwlet bar», «Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir», «Agzybirlikde döredijilikli işläp, döwrümizi, döwletimizi has-da beýgeltmelidiris» ýaly şygarlar, çar-töweregine özboluşly gözellik paýlaýan baýramçylyk bezegleri ildeşlerimizde we bu ýerlere gelýän myhmanlarda baýramçylyk ruhuny joşdurýar.

Aşgabadyň ýaşaýjylarydyr myhmanlaryna ýokary derejede, bökdençsiz hyzmat edýän awtobuslar «Halk Maslahaty: bagtyýar geljek, täze maksatlar», «Döwlet adam üçindir!», «Pyragyň arzuwlan zamany geldi», «Biz bilelikde beýik geljegimizi gurýarys!», «Halk Maslahaty: demokratiýanyň we jebisligiň aýdyň ýoly», «Watana hyzmat — ömrüň manysy!», «Türkmeniň döwletli ýoly ak geljege dowam bolsun!» ýaly ajaýyp şygarlar bilen bezeldi.

«TürkmenGazet».
Foto: M.Gylyjow.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu