Sagdyn durmuşSlider

Alymlar garramagyň garaşylmadyk sebäbini aýtdylar

28-01-2022 / 9

Amerikaly alymlar bedeniň garramagyň düýbünden garaşylmadyk sebäbini mälim etdiler. Gazlandyrylan içgiler we taýýar önümler bedeniň garramagyny çaltlaşdyryp bilýän köp mukdarda fosfor kislotasynyň duzlaryny öz içine alýar.

Bu barada “Kompýulenta” habar berýär. Uglerod dioksidini bölüp çykarmak we  natriý bikarbonaty bilen reaksiýa girmek üçin içgilere fosfatlar goşulýar. Mundan başga-da, bişirilen we et önümlerinde, şeýle-de, peýnirde konserwantlar, tagam beriji ýa-da daşky görnüşi güýçlendiriji hökmünde ulanylýar.

Garward stomatologiýa mekdebiniň (ABŞ) işgärleri fosfatlaryň saglygymyza nähili täsir edýändigini anyklamak kararyna geldiler we syçanlarda synag geçirdiler.  Haýwanlary üç topara böldüler: birinde “klotho” genini ýok etdiler, onuň ýoklugy gemrijileriň bedeninde fosfatyň toplanyp, zäherlenmegine sebäp boldy;  ikinjisinden iki geni – klotho we NaPi2a genlerini aýyrdylar, bu fosfatlaryň konsentrasiýasynyň peselmegine sebäp boldy;  üçünjisinde hem iki gen ýokdy, emma bu syçanlara ýokary fosfat düzümi bolan iýmitler berildi.  Birinji toparyň wekilleri 8-15, ikinji – 20 we üçünji – 15 hepde ýaşadylar. Bu synag alymlara fosfatlaryň syçanlara zäherlidigi barada netijä gelmäge mümkinçilik berdi. Olar diňe bir garramagy çaltlaşdyrman, eýsem  dowamly böwrek ýetmezçiligi ýaly ýaş bilen baglanyşykly keselleriň ýüze çykmagyna hem sebäp bolýar.

Döwran ÝAGŞYGELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu