
Tiz we rahat uklamak üçin peýdaly maslahatlar:
Sagady gözüňiziň düşýän ýerinden aýryň!
Ukudan öň sagada göz aýlamak köpimizde endik bolup galandyr. Emma bu käbir halatlarda stress ýagdaýyny emele getirýär. Gerek bolsa sagady ýatýan otagyňyzdan başga ýerde goýuň!
Ýorgan-düşekleriň daşlaryny tiz-tiz çalşyp duruň!
Täzelenen, arassa we ýakymly ysly ýorgan-düşekler ukynyň rahat bolmagyna şert döreder. Olary hiç bolmanda hepdede bir gezek tämizläň!
Ukudan öňki ýagdaýlar:
1 stakan mylaýym suw içmek, suwa düşmek ýa-da rahat sazlary diňlemek size tiz uklamaga ýardam eder.
Ukudan öň otagyňyzy tertibe salyň!
Otagyň bitertipligi uky bilen bagly bolan meseleleri orta çykarar. Daş-töweregi kada laýyk bolmadyk ynsanlaryň ukusynda dürli hili birahatlyklar döräp biler.
Telefonyňyzy eliňize almaň:
Synaglara görä, ýatjak wagtyňyz elektron hatlaryny ýazmagyň we onuň jogabyna garaşmagyň stress ýagdaýynyň döremegine sebäp bolýandygy anyklanyldy.
Özüňize oňaýly ýassyklary saýlaň!
Eger-de ukyňyz gelmese, ýarym sagat başga zatlara güýmenip, soň ýene-de täzeden ýatyň! Kitap okamak, saz diňlemek ukuňyzy getirer!
Jorap geýmek.
Käbir adamlaryň aýaklarynyň üşemegi olaryň ukusynyň bozulmagyna getirýär. Şonuň üçin hem olara jorap geýip ýatmak maslahat berilýär. Joraplaryň ýumşak, rahat we howa geçirýän bolmagy zerur.
Gündiz köp ýatmazlyk gerek!
Gündiz ýarym sagatdan köp ýatmak, gijeki ukymyzyň yza süýşmegine we uklamak bilen baglanyşykly näsazlygyň ýüze çykmagyna getirip biler.
«TürkmenGazet».