Häzirki wagtda Tokionyň medisina ylymlary institutynyň alymlary bu waksinanyň üstünde iş alyp barýarlar.
Alymlar XVIII asyrda işläp çykarylan, wirusyň zyýansyz görnüşini öz içine alýan mama keseline garşy bolan waksinany bu täze waksinanyň esasy hökmünde ulandylar. Olar bu synagy tejribe esasynda syçanlarda geçirip gördüler. Netijelere laýyklykda, bu haýwanlarda 20 aýdan gowrak wagt saklanýan antitelalaryň ýokary derejesi emele gelipdir. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, bu hili waksinalar ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem olary saklamak we göçürmek üçin aýratyn şertler zerur däl.
Häzirki maglumatlara görä, kliniki synaglar Ýaponiýanyň Nobelpharma derman işläp çykarýan kompaniýasy tarapyndan 2023-nji ýylda geçiriler.
«TürkmenGazet».