Gözel duýgulary özüňe hemra edinmegiň örän köp babatda oňyn täsirleri bar. Geçirilen synaglar arkaly kanadaly alymlar gowy gylyk-häsiýetli bolmak, ýagşy işleri etmeklik bilen ynsan saglygynyň arasynda baglanyşygyň bardygyny subut etdiler.
Geçirilen synaga iki topardan ybarat jemi 24 sany mekdep okuwçysy gatnaşyp, birinji topardaky okuwçylara iki aýyň dowamynda kiçi okuwçylara kömek bermeklik tabşyryldy. Ikinji topardaky okuwçylara bolsa onuň tersine, hiç hili ýumuş tabşyrylmady. Barlagyň netijesi boýunça, özgelere ýagşylyk eden we öz edýän ýagşy amalyndan lezzet alýan okuwçylaryň gan basyşynyň pesdigi ýüze çykaryldy. Bu alnan netije gan basyşynyň ýokarlanmagyna garşy ulanylýan gerdejikleriň täsiri bilen deň hasap edilýär.
Islendik miweli bagda az-owlak çüýrän miweler hökman bolýar. Emma şol miweleriň arasynda çüýränleri bar diýip, miwesini ýolman ýa-da ýüz öwrüp gaýdanymyz ýok bolsa gerek. Diýmek, adamlar babatda hem ýüregimizi şol adamlaryň erbet taraplary däl-de, gowy taraplary hakdaky pikirlerden dolduryp, olara goltgy bermek dogry bolardy. Şuňa meňzeşlikde ýene bir başga synagy kaliforniýaly alymlar hem geçirdiler. Olaryň geçiren barlagy boýunça, oňa gatnaşyjy meýletinçilere belli bir wagt aralygynda töweregindäkilere ýagşylyk etmek, kömek-goldaw bermeklik tabşyryldy. Netijede, bu hereketleriň çişme prosesi bilen bagly leýkositleriň işjeňliginiň peselmegine sebäp bolýandygy ýüze çykaryldy.
Elbetde, gowy häsiýetleri özüňde jemläp bolýandygyna, özüňi terbiýelemegiň mümkindigine, şol ýagşylyklaryň geljegiňe saçyp biljek ýagtysyna, ähmiýetine we zerurlygyna düşünip, şoňa tarap ymtylsak, özümizdäki täze özgerişliklere basym göz ýetirip bileris. Töweregimizdäkilere ýagşylyk etmek bilen, ömür binýadymyzyň örküni berkideliň. “Manyly ömrümiň ýene bir güni artdy” diýip, ähli zatlary gowulyga üýtgetmek bilen owadan dünýämizi ýagşylyklar bilen bezäliň. Çünki ýagşy zamana ýagşylyklar ýaraşýar!
Aýgül BERDIÝEWA,
TOHI-niň 5-nji ýyl talyby.