Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hepdelik hasabatlarynda aýdylyşyna görä, dünýäniň 106 ýurdunda koronowirusyň «omikron» görnüşiň ýüze çykandygy anyklanyldy.
Guramanyň aýtmagyna görä, «omikron» köpçülikleýin immuniteti ýokary bolan döwletlerde hem tiz ýaýraýar. Bu kesel bilen kesellänleriň ahwalynyň nähili agyrlaşyşy dogrusyndaky maglumatlar entegem elýeterli däl. Günorta Afrikada we Beýik Britaniýada «omikron» bilen hassahanalara ýerleşdirilýän näsaglaryň sany artyp barýar. Şonuň bilen birlikde, kesellänleriň arasynda öňem koronowirusy başyndan geçiren ýa-da waksina almaga ýaňy başlan, ýöne tamamlap ýetişmedikleriň uly bölegi bar.
BSGG-niň aýdyşy ýaly, «omikron» bilen bagly howplar juda ýokary bolmagynda galýar. Hususan-da, saglygy goraýyş düzümleriniň hatardan çykmak howpy artýar.
«TürkmenGazet».