Agzybir maşgalany gurmak, bagtly ýaşamak her kimiň köňül arzuwy. Emma «bagt» diýilýän gymmatlyga her kim özüçe düşünýär we oňa her kim dürli-dürli baha berýär. Bagt diýlende, bu barada şeýleräk bir tymsal ýadyma düşýär:
Dokuzy düzüw maşgalany berkarar etmekde esasy mukaddeslikler hasaplanýan bagt, söýgi we saglyk maşgalalarda özleriniň orunlary barada öz aralarynda jedel döredipdirler. Olar bu meselenäň oňyn çözgüdini tapyp bilmän ýola rowana bolupdyrlar. Ýolugra bir maşgalanyň gapysyndan barypdyrlar we haýsy hem bolsa biriniň bu öýde galjakdygyny aýdypdyrlar. Öý eýeleri derrew bagty saýlap, ony öz öýlerine goýberipdirler. Söýgi we saglyk öýüň daşynda geziberipdirler. Wagtyň geçmegi bilen ilki söýgi, soňam saglyk bu maşgalany terk edipdir. Olaryň yzy bilen bagtam gaýdyberipdir. Üçüsi ýene-de bir maşgalanyň gapysyny kakypdyrlar. Bu gezek öýe salnan saglyk bolupdyr. Hiç hili ähmiýet berilmedik bagt we söýgi bir-birden yzlaryna dolanyberipdirler. Olaryň ýoklugyndan halys ejizlän saglygam dostlarynyň yzyndan ýetipdir. Üçüsi ýene-de bir bosagadan ätläpdirler. Bu gezekki ýaş maşgala eken. Olar ikirjiňlenmezden derrew söýgini özlerine hemra edinjekdiklerini aýdypdyrlar. Söýgi bolmazdan özleriniňem ýitip gitjekdiklerine anyk göz ýetiren saglyk bilen bagt hem hemişelik bu maşgalada galmaly bolupdyrlar.
Taýýarlan Laçyn AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň esasy hünärmeni.