Reportaž

Zenan kalbynyň döredijiligi

22-06-2021 / 27

Ömür ýuwaş-ýuwaşdan garramak däl-de, kem-kemden kämilleşmekdir…

Şuňa ýaşlykdan göz ýetirip, öz ukyp-başarnygyňy açyp, şol ugurdan kämillige ymtylsaň, ol seni hökman üstünlige getirer. Ol üstünliklere ýetmek üçin hem, ilki başdan öňüňde anyk maksat goýmak zerur. Şol maksadyň bilen hereket okgunlylygyň birleşen ýerinde hem ösüş, özgeriş, kämilleşiş bar. Gadyrly okyjylar, şeýle maksada okgunly, öz käriniň hakyky eýesi bolan, “Zenan kalby” žurnalynyň öz habarçysy Keýik Umarowa bilen söhbetdeş bolalyň.

-Keýik gelneje, siziň saýlap alan žurnalist käriňize bolan höwesiňiziň döremegine näme sebäp boldy?

-Orta mekdepde okaýan wagtym edebiýat sapagyny, çeper eserleri okamagy gowy görerdim. Başlangyç synpdan başlap mekdep kitaphanasyna, merkezi kitaphana gatnap, ilki ertekili kitaplary, soňra çeper edebiýatlary köp okadym. Ýokary synplarda mekdebiň diwar gazetinde çykyş edip başladym. Edebiýat sapagynda erkin temadan düzme ýazylanda, mugallym meniň ýazan düzmämi nusga hökmünde mysal getirip, öwerdi.  Ol döwürler (geçen asyryň ýetmişinji ýyllary) “Mydam taýýar” gazeti hem-de “Pioner” žurnaly çap edilerdi. Men olaryň her bir sanyny yzygiderli okardym. Altynjy synpda okaýan wagtym bir gün edebiýat mugallymymyz Gülşirin Öwezowa mekdepde geçirilen çäre barada “Mydam taýýar” gazetine habar ýazmagy tabşyrdy. Dogrusy, birbada gaty ýaýdandym. Gazete habar ýazmak düzme ýa-da diwar gezetine habar ýazan ýaly däl eken.  Ýazyp-çyzyp, 12 listlik okuwçy depderini doldurypdyryn. Ahyr boldum edip, mugallyma görkezdim.  Mugallym ol-bu ýerlerine bellik edipdir. Olary düzedişdirip, haty bukja saldym-da, redaksiýa ýolladym. Ugratmasyna ugratdym welin, bir gün redaksiýadan “Habaryňyz gowşak ýazylypdyr, çap edip bilmedik” diýen hatyň gelmeginden gorkup gezdim. Poçtalýon öýe gazet getirdigi, ilki bilen “Mydam taýýary” alyp, sahaplap çykardym.

Ynha, bir günem gazetiň üçünji sahypasynda öz adyma gözüm düşdi. Makalamy bir demde okap çykdym. Känbir üýtgedilmändigine begendim. Soňra “Mydam taýýar” gazeti we “Pioner” žurnaly bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap, onunjy synpda okaýan wagtym “Pioner” žurnalynyň döwlet derejesinde geçiren döredijilik bäsleşiginde baýrakly orny eýeledim. Meniň žurnalist kärine bolan höwesimi artdyran, ony saýlap almagyma itergi beren, ilki bilen, edebiýat mugallymym bolsa, ikinji bir sebäbem, belki-de, ilkinji baýragymdyr. Sebäbi men şonda ilkinji gezek paýtagtymyz Aşgabada gelip, “Pioner” žurnalynyň döredijilik topary, makalalaryň çapa taýýarlanylyşy, gazet-žurnallaryň neşir edilişi bilen tanyş boldum.

–   Islendik kärde bolşy ýaly, halyplaryň goldawy uly ýollara atarýar. – Halypalaryñyz barada aÿdyp beräÿseñiz?

–  “Halypam” diýip, belli bir adamyň adyny aýdyp bilmerin. Sebäbi ýazyp-bozmagy dine gündelik neşirleri, çeper edebiýatlary köp okap öwrendim diýsem, ýalňyşmaryn.  Ýöne ýokary okuw mekdebinden soň, ilkinji zähmet ýoluma başlanymda Begenç Kerimi, Möwlam Nobatow, Abraýguly Möwlamow ýaly baýry žurnalistleriň elinde işläp, Pirjan Alyýew, Osman Ödäýew ýaly ussatlar bilen bile işleşip, köp zat öwrendim. Şu günlerde-de kärdeşlerim Seýitguly Geldiýew, Gurbannazar Orazgulyýew, Kakamyrat Rejebow, Amanbibi Muhammedowa, Gülsere Jumaýewa, Jahan Annaýewa dagynyň ýazýan makalalaryndan täsirlenýärin.

–    Siziñ pikiriñizçe, makalanyñ şowly çykmagy nämä bagly?

–    Esasy zat, okyjyny boş sözler bilen ýadatmaly däl. Makalanyň şowly çykmagy üçin bolsa, ilki bilen, wakalaryň jümmüşinde bolmaly, wakanyň bolup geçýän ýerine baryp, gahrymanyňy ýakyndan öwrenmeli, işi bilen içgin tanyşyp, söhbetdeş bolmaly. Galyberse-de, makalanyň çeper ýazylmagyny gazanmaly, ýagny gören-eşideniňi çeper söz bilen beýan etmegi başarmaly. Sebäbi islendik žanr, goý, ol publisistika, oçerk, reportaž, zarisowka, interwýu bolsun, tapawudy ýok, çeper beýan etme onuň has-da täsirli çykmagyna getirýär. Wakany beýan edeniňde, bar bolan maglumatlary täsirli wakalar, ýatlamalar, deňeşdirmeler bilen baýlaşdyrmaga çalyşmaly. Öz pikirýüwürtmeleriň bolmaly. Onuň üçin islendik kär-hünärden baş alyp çykmagy başarmaly. Syýasatçy, syýahatçy, ykdysadçy, daýhan, halyçy, gurluşykçy, telekeçi, balykçy, maldar… olaryň hersi bilen  “öz dilinde” gürleşmegi başarmaly.

-Makala ýazmak ýeňil däl. Makala ýazanyñyzda özüñizde nähili jogapkärçilik duýýarsyñyz?

-Islendik makalany ýazanyňda, senden jogapkärçilik aýrylmaýar, öz ýazan zadyňa islendik wagtda jogap bermeli bolýarsyň. Sebäbi, birinjiden-ä, gazet-žurnallar tutuş ýurdumyza (häzirki wagtda ol ýurduň çäginden daşara-da) ýaýraýar we müňlerçe okyjynyň eline gowuşýar, gyzyklanyp okalýar. Şeýle bolansoň, makalada hiç hili ýalňyşlyga, hatda harp ýalňyşyna hem ýol berilmeli däldir. Galyberse-de, seniň ýazan makalaňda adam ykbaly bar. Okyjy seniň makalaňyň üsti bilen gahrymanyň durmuş we zähmet ýoluny, häsiýetini öwrenýär. Onuň üçin sen gahrymanyňy hemmetaraplaýyn açmagy başarmaly. At-familiýasyndan, gylyk-häsiýetinden başlap, ýaşaýan, işleýän ýeriniň salgysy, geçen zähmet ýoly, iş tejribesi, garaz, maglumatlaryň barysy, sanlar, faktlar anyk bolmaly. Makala belli bir kärhananyň işi ýa-da gahrymanyň zähmet ýoly hakda bolsa, ol çap edilmezden ozal, tanyşdyrylsa, žurnalistiň özi üçinem, çap edilýän neşir üçinem gowy. Özüm-ä taýýarlan makalamy çap bolmazdan öň  degişli adamlara hökman okadýaryn, şeýle-de bolsa,  makala çap bolup çykandan soňam köp wagtlap aladada gezýärin.

-Keýik gelneje, bu käriñizde esasy täsir galdyran zat näme?

-40 ýyllyk iş tejribämde bu kär bilen bagly her bir waka meniň üçin täsirli. Döredijilik saparlarynda bolup, ýurdumyzyň çar künjegine edilen syýahatlar, dürli kärdäki, dürli ýaşdaky, dürli ykbally  adamlar bilen tanyşlyklar, olaryň hersi barada aýratyn gürrüň edip bolar. Haçanda, makalaň gazet-žurnallaryň sahypasynda çap edilip, onuň okyja eden täsiri barada hoş sözleri eşideniňde, has-da ýakymly bolýar.

-Käriñiz bilen bagly ýatdan çykmajak ýakymly pursatlaryňyzdan paýlaşaýsaňyz?

-Ýokarda aýdyşym ýaly, ilkinji gezek gören ýerleriň, täze tanyşlyklar… olaryň her biri ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş edýär. Ilkinji döredijilik saparym barada aýdaýyn. Ýokary okuw mekdebiniň üçünji ýylyny tamamlap, öňki “Sowet Türkmenistany”, häzirki “Türkmenistan” gazetinde tejribelik geçdim.  Baş redaktor Begenç Kerimi gazçylaryň durmuşyndan ýörite sahypa taýýarlamak üçin Garagumuň jümmüşine—Lebap  welaýatynyň Gazojak şäherine iş sapary bilen ugratdy. Gazete ýörite sahypa taýýarlap, syn berlende, baş redaktoryň öwgüli sözlerini eşidenimde, ilkinji iş saparymda gören görgülerim dessine ýadymdan çykdy. Geçen asyryň segseninji ýyllarynda häzirki ýaly tehnika barmydy? Türkmenabatdan Gazojaga “An-2” uçarda iki sagatlap uçup, köneje uazikde Garagumuň içi bilen aňry-bäri alty sagat ýol ýöränimi şol öwgüli sözlerden soň buýsançly ýylgyrmak bilen ýatladym. Çünki bu meniň zähmetimiň ýerine düşdügidi.

“Zenan kalby” žurnalynyň öz habarçysy hökmünde Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda iş saparynda wagtym balykçylar maşgalasy bilen tanyşmak miýesser etdi. Olaryň myhmansöýerligi, balykçy gojanyň Hazar deňzinde balyk tutuşlary barada beren täsirli gürrüňleri, aýdyp beren rowaýatalry, öý bikesiniň çeper el işleri, balykdan taýýarlan düşeme palowy, garaz, olaryň her biri ýakymly täsirleri bilen ýatdan çykar ýaly bolmady. Taýýarlan makalam žurnalda çap bolansoň, iki aýa golaý wagt geçendir, bir gün “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejebow bilen liftde gabatlaşdyk. Şonda ol balykçylar maşgalasy hakda ýazan makalamy gowy görendigini, gazet üçin hem ýazyp bermegimi haýyş etdi. Meniň geňirgenenimi ýüzümden aňyp: “Öň çap boldy diýýänsiňiz. Mynasyp adamlar hakda näçe ýazsaň-da, az. Gazet üçin ony başga žanrda ýazaýyň” diýdi. Şeýdip, iş tejribämde bir gahryman hakda iki makala ýazan wagtym hem boldy. Garaz, žurnalistika gyzykly, ýöne örän jogapkärli kär. Eger gaýtadan kär-hünär saýlamaly bolsa, men ýene-de bu söýgüli kärimi saýlap alardym.

-Keýik gelneje, beren gyzykly, täsirli gürrüňleriňiz, peýdaly maslahatlaryňyz üçin köp sag boluň!  Men hem janyňyzyň sag bolmagyny, şeýle jogapkärli işiňizde mundan beýläk hem üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýärin. Biz ýaşlar üçin hem okamaga, öwrenmäge, tejribe toplamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Ýulduz BABAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.  

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu