ReportažSöhbetdeşlik

Sungata baglanan zenan kalby

21-06-2021 / 13

Ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde türkmen medeniýeti, sungaty uly ösüşlere eýe bolýar. Bu ugurda zähmet çekýän her bir döredijilik adamlarynyň joşguny bellenilýän her bir baýramçylyklaryň waspyny belentden beýan edýärler.Türkmenistanyň at gazanan artisti Dursunjemal Gazakowa özüniň özboluşly sungat ýolunda halkyň söýgüsini gazanan zenanlarymyzyň biridir. Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Dursunjemal Gazakowanyň döredijilikli zähmet we durmuş ýoly hakdaky taýýarlan söhbetdeşligimizi size ýetirmegi makul bildik.

 

-Sunagt älemine gelşiňiz we ilkinji sahna çykyşyňyz barada aýdaýsaňyz.

 –Sungat bu her bir ynsanyň azajygam bolsa gursagynda parlaýan baýdak mysaly müdimilik ýaşaýar. Aýdym-sazdan, onuň owazyna maýyl bolmadan üzňe ýaşamak asla mümkin bolmasa gerek. Bu ugur her bir ynsanyň kalbyny  tämiz ýola iterýär, ruhy güýç berýär. sungat älemi meniň hem durmuşymyň manysy bolup ornady. Orta mekdebi okaýan döwrümde obamyzda ýörite sazçylyk mekdebine gatnap başlamagym meniň bu äleme ilkinji ädimim boldy. Arazgeldi Öwezow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Hudaýberdi Baýramow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Durdybaý Gurbanow dagylaryň halypalyk etmeginde aýdym-saz, dessançylyk dünýäsine gadam basdym. Çagalyk höwesim meni abraýly sahnalarda ýürek buýsanjyny sungatyň birnäçe ugurlary boýunça beýan etmegime mümkinçilik berdi.

1996-njy ýylda “Türkmenistan tarypyň” atly ýaňlan diýarym bäsleşiginde «Watan» aýdymy bilen çykyş etdim. 1998-nji ýylda dessançy bagşylaryň arasynda geçirilen ýaňlan diýarym bäsleşiginde  halk aýdymy “Ärsarynyň gyzy” atly aýdymy bilen çykyş edip ýeňiji boldum. Ilkinji sahna çykyşlarymyň täsirliligi häzir-häzirlerem ýatlanymda göwnüm galkynýar. Çünki ol günlerdäki ýaşlyk kalbymda dörän uçgunlar ömür ýolumyň sungata baglanmagynyň binýady bolupdy.

-Dursunjemal  artist, aýdymçy, bagşy bolmak üçin zähmet çekmekde alyp barýan işleriňiz dogrusynda durup geçseňiz. 

 –Aýdym  bu meniň ruhy ganatym bolup, ol bilen men kalbymyň buýsanjyny heňe goşup beýan edýärin. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ajaýyp zamanamyzda türkmen medeniýeti we sungaty uly ösüşlere eýe bolýar. Her ýyl döredijilik işgärleriniň baýramçylygynyň bellenilmegi, olara hormatly atlaryň, şa sepaýlarynyň gowşurylmagy bu ugurda zähmet çekýän kärdeşlerimiziň ruhuny göge göterip, arman-ýadaman zähmet çekmeklige işlerinde üstüliklere ýetmägine itergi berýär.

Bagşyçylyk sungatynda  Durdybaý Gurbanowyň halypalyk etmeginde “Huýrlkga Hemra”, “Göroglynyň öýlenişi” dessanlary öwrendim we halk köpçüligine ýetirdim. Ýurdumyzda her bir welaýatyň sungatda özboluşly hiç bir milletiňkä meňzemeýän ýoly bar. Daşoguz topragynda köplenç dessançylyk sunagty has ösen hasaplanyplýar. Her bir toýlarda halkymyz gadymdan bäri dessan diňlemeklige endik edinipdir. Ondaky beýan edilýän wakalar güküli we taryhy maglumatlara daýanan halda halk köpçüligine ökdelik bilen ýerine ýetrilýär. Onda beýan edilýän wakalar dessan heňine girenden soňra dessançy bagşylaryň üsti bilen has-da diňlemäge ýakymly bolýar. Sungatyň bu görnüşi halkymyzyň taryhyny, bagşynyň zehinini açyp göezýär.

Artistlik dünýäsi barada aýdanymda teatr  bu jadyly we gudratly dünýä. Onda döreden keşplerimiň her biriniň hem ýüregimde, ruhy dünýämde aýratyn orny bar. Ilkinji gezek M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasyny okanymda “Saýatly Hemra” dessanyndan Saýathanyň keşbini janlandyrmak nesip etdi. Mundan başga-da Daşoguz welaýatynda ýerleşýän N.Andalyýew adyndaky sazly drama teatrynda “Saz gudraty”, “Aşyklar kyssasy”, Bagt mekany”, “Toý” ýaly spektakllarda birnäçe keşpleri ýerine ýetirdim.  Teatryň sahnasy we onda goýulýan spektakllar durmuş tejribä daýanýar. Tomaşaçylaryň göwnündäki keşpleri janlandyrmak, gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp bolmak bu her bir artistiň sahna çykmanka öz ýanyndan aýdýan endik sözleridir. Bu sözleriň gudraty bolsa adam aňyna tiz ornaýar.

-Täze aýdymlary nähilli we kimler bilen işleşýärsiňiz?

 –Men Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Gaýyp Jumaýew, Azymberdi Kakaýew, Begenç Baýnepesow dagylaryň goşgularyna, Kakageldi Gazakow, Rahmanberdi Kakaýewiň sazlaryna döredilen eserleri ýerine ýetirýärin. Täze aýdym döretjek bolanyňda esasan sözlerine, sazyna, ýerine ýetirýän aýdymçynyň ukyp-başarnygyna bagly bolýar. Haçan-da bu üç sütün birigende şowly eseriň çykmagyna we halkymy tarapyndan gyzgyn garşylanmagyna sebäp bolýar.

-Şowly çykan aýdymlaryňyz.

 –“Durnalar” aýdymym iň şowly çykan aýdymlarymyň biri diýsem ýalňyşmaryn. Sebäbi bu aýdymdaky duýgy onuň mazmunynda giňişleýin beýan edilýär. Gaýyp Jumaýewiň sözlerine, Rahmanberdi Kakaýewiň sazyna döredilen bu aýdym 2012-nji ýylda döräp, şol ýyl hem “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan ýazga geçirilip, ýaýlyma goýberildi.

-Sagboluň Dursunjemal beren gyzykly zähmet we durmuş ýoluňyz barada gürrüňleriňize. Mundan beýläkde sesiňiziň owazy belent ýaňlansyn!

Sagboluň.

 

Şasoltan HÜMMEDOWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu