Reportaž

Uçurymyň ýürek sözi

18-06-2021 / 18

“Meniň söhbetdeşim” bäsleşigine hödürlenýär.

Her bir ynsan ýöremäni öwrenen gününden soň, üstünlikleri, bagtly günleri, ýatda galyjy pursatlary ömrüne möhürleýän  ýagty geljegine tarap ädimme-ädim öňe gidýär. Onuň ömür boýy arzuw eden zatlaryna ýetmek üçin çekýän yhlasly zähmeti ýyllar geçip öz miwesini bolluk bilen eçilýär. Ynsan  islendik ýaşda-da meşhurlygyň belent gerişine çykyp töweregini synlap bilýär. Ýöne munuň üçin özüňe bolan ynam öňüňde goýan maksada tarap ýekeje ädim zerur. Çünki dünýäni üýtgetmek üçin ilki özümizden başlanýan niýetimiz ilkinji ädime bagly. Ädimiň nirä? Nähili? Ädiljegi möhüm däl. Möhüm zat geljegiň üçin mynasyp karary kabul edip bilmekde. Men sözümiň başyny üstünlik ädimlerine baglap başlamagym ýönelige däl, sebäbi meniň söhbetdeşim  bilen ozalam ençeme gezekler metbugat üçin söhbetdeşlikler guraldy, ýörite telegepleşikler hem taýýarlandy. Ýöne men olardan tapawutlylykda bu gün ony hemmäniň tanaýan görnüşinde däl-de, ýönekeý bir talyp höküminde onda-da ýokary okuw mekdebini tamamlaýan uçurym höküminde ýürek buýsanjyny paýlaşmagy makul bildim. Biziň bu günki söhbetdeşimiz Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uçurymy, sportuň Agyr atletika görnüşinde ýyldyzlyk derejesine ýeten Ýulduz Jumabaýewa.

-Ýulduz ilki bilen seni ýokary okuw mekdebimizi uly üstünlik bilen tamamlan uçurym hökmünde gutlasym gelýär.

-Sag bol!

-Ýulduz gel bäş ýyl mundan ozal bolan wakalaryň ýumagyny çözläli, 1-nji  sentýabrda talyplyk kasamyny kabul eden günüň barada aýdaýsaň?

-Bäş ýyl mundan ozal şu günki ýaly talyplyk lentasyny egnimize  atyp uly tolgunma bilen säheriň tämiz howasyndan dem alyp institutymyzyň öňündäki bezegli meýdançada bardyk.. Aýdym-sazly dabara, gutlaglar, görkezme çykyşlar, talyplyk kasamy, mejlisler zalyndaky ilkinji umumy sapagymyz, toparlardaşlarymyz bilen ilkinji günüň tolgundyryjy tanyşlygy, halypa mugallymlarymyzyň bize eden ak arzuwlary ähli-ählisi edil düýn bolan ýaly geçip gitdi.

-Umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşeniňizde ilkinji bişiren naharyňyz we bäş ýylyň dowamynda iň köp bişirip iýen naharyňyz?

-Ýadyma düşýär umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşen günümiz etli gowurdak bişiripdik. Birki günden soň otagdaşlarym bilen üýşip manty bişirdik. Bäş ýylyň dowamynda-da iň köp bişirip iýen naharymyz ýumurtga börek bolupdy. Köpeplenç daşary ýurda okuw türgenleşigine gideýin ýa ýaryşa gideýin gelen günüm otagdaşlarym bilen agzybirlikde ýumurtga börek bişirip iýýärdik.

-Otagdaşlaryň barada aýdaýsaň?

-Gulmurzaýewa Bibijan, Rahimowa Gulnaza bilen bäş ýylyň dowamynda otagdaş bolup ýaşadyk. Dogrysy biziň ýaşlarymyz tapawutly bolsa-da, bäş ýyl bir gapdan girip-çykyp edil dogan ýaly ýaşadyk. Şu wagta çenli göwne degişlik bilen öýke eden ýerimiz bolmady. Begenjimizi paýlaşdyk, gynanjymyzy çekişdik. Bir zat etjek ýa bir ýere gitjek bolsagam maslahatlaşyp etdik. Köplenç egin-eşik meselesinde-de meňzeş geýinýäs.

-Doglan gün bellemek umumy ýaşaýyş jaýynda edil öýdäki ýaly däl, şol baradaky ýatlamalaryň?

-Elbetde umumy ýaşaýyş jaýyndaky ýaşaýyş bu ýerdäki dünýe öýdäkiden düýpgöter tapawutly, mydama birek-biregiň doglan gününi güller, şar, süýjilik torty bilen 00-da gutlamak adatymyz bar,  meň doglan günüm bäş ýylyň dowamynda ählisem ýaryşlarda geçdi. Ýöne otagdaşlarym ýaryşdan gelen günüm garaşylmadyk sowgat taýýarlap doglan günümi geçenem bolsa belläp berýärdiler.

-Ýaryşlar türgenleşikler, okuw, umumy ýaşaýyş jaýy baradaky ähli ýatlamalaryňy ýeke söz bilen beýan et diýseler näme diýerdiň?

-Ýaryşyň ýaryş ýerinde özüne laýyk tolgunmasy bar, okuw,  okuw ýerinde özüne ýetik lezzeti bar, umumy ýaşaýyş jaýynyň durmuşy üýtgeşik bir dünýä olaryň ählisi birleşip umumy bir bitewüligi emele getirýär. Men olaryň hiç birini üzňelikde göz öňüne getirip bileýärin. Şonuň üçin olar bilen bagly ýatlamalary ýeke söz bilen diňeje ,,talyplyk ýyllarym”  diýip bilerin.

-Meşhurlyk diýilende nämä düşünýäň?

-Meşhurlyk diýlende pespällige düşünýän çünki adam näçe meşhur bolup köpçüligiň gözüne düşüp başlanyndan ol barada gyzyklanýan islendik ynsan bilen söhbetdeş bolanda-da mylakatly, kiçi göwün bolmaly.

-Eger-de bir çykgynsyz ýagdaýa düşeňde ýa ýaryşdan soň gyssagly bir ýere tele ýazga gitmeli diýilende haýsy otagdaşyňdan kömek soraýadyň?

-Bibijanyň ýaşy biziňkiden ulyrak bolansoň köplenç kömek soramaga çekinýärdim. Şonuň üçin şolar ýaly çykgynsyz ýagdaýlar ýüze çykanda köplenç Gulnaza haýyş edýärdim, käte onuň ýaryşy ýa okuw türgenleşigi bolsa Bibijana ýüz tutardym.

-Bäş ýylda bolup geçen zatlary ýene bäş ýyldan soň ýylgyryp ýatla diýseler ilki nämäni ýatlardyň?

-Bäş ýyldan soň bäş ýylda bolup geçen ýaryşlar okuw türgenleşikleri, okuw, otagdaşlarym bilen bagly wakalaryň ählisini edil kino lentasy ýaly birin-birin göz öňümden geçirip, otagdaşlarymy ýatlardym, sebäbi olar meniň bilen bagly wakalaryň ählisinde ýanymdadylar. Bilmedigimi soraýadym, bir ýere gitmeli bolsak giderdik, ýaryşlaryma ýörite meni goldamak, ruhlandyrmak üçin gelerdiler. Ozalda bir akyldaryň aýdyşy ýaly ,,durmuş göze haçanda durmuşyňa many berýän ynsanlar ýanyňda wagty” maşgalamdaky mähribanlarymdan soňky okuwa gelip tapan dostlarymy elmydama ýylgyryp ýatlaryn. Esasanam Binijan bilen Gulnaz ikisini.

-Durmuşyňda iň tolgundyryjy pursat haçan bolupdy?

-Tolgundyryjy pursat Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň elinden şa serpaýyny alan günüm durmuşymdaky iň tolgundyryjy pursat bolupdy.

-Ýatlamalar ynsan dünýesini bezeýän ýagtylyk çyralary şol çyralaryň islendigini ýaksaňam  üýtgeşik öwüşgin nur çaýýar. Ýulduz seniň ýatlamalara baý dünýäňi elmydama üstünlikli pursatlaryň dolduryp dursun, Mähriban Arkadagymyzyň ynamyny ödäp ýene-de şa serpaýlaryna mynasyp bolmagyňy tüýs ýürekden arzuw edýärin.

-Sag bol!

 

Söhbetdeş bolan: Gunça ORAZOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu