Reportaž

Sungatyň süňňüne siňeýin diýseňiz…

17-06-2021 / 13

Hawa, sungatyň süňňüne siňeýin diýseňiz, tutanýerli boluň. Munuň şeýledigine Annagurban Jumamyradow bilen söhbetdeş bolup has-da anyk göz ýetirdim. Annagurban häzirki wagtda «Altyn Asyr» teleýaýlymynda taýýarlanyp  ýaýlyma goýberilýän «Berkararlyk bagty» atly gepleşigiň alypbaryjysy. Mundan başga-da «Watan» radioýaýlymynyň «Nesil» bölüminde taýýarlanýan gepleşikleriň söhbetdeşliklerini taýýarlaýar.

Sungata aralaşmak üçin iň esasy zat yhlasmy?  – diýen sowalyma Annagurban:

− Yhlas bolmasa geljegiňi maksatlap bolarmy?  – diýip, sorag bilen jogap berdi.

Dogrudan-da, Annagurban mamla. Ony çagalykdan ýüreginde beslän arzuwlaryna erjelligi ýetirýär. Alypbaryjy bolmagy entek çagalyk ýyllary arzuw edip başlaýar. Geliň, ondan teleýaýlymlardaky ilkinji çykyşlary barada soralyň.

Annagurban, arzuwlaryňyz haçan wysal tapyp başlady?

− Entek mekdepde okaýan döwürlerim teleýaýlymlarda çykyş edip başladym. Bu bolsa meniň geljekde ýene-de ençeme sepgitleri nazarlamagyma itergi berdi. Soňra talyp döwürlerim hem

yzygiderli çykyş edýärdim. Bularyň diňe başlangyçdygyna, entek -entekler kämilleşmelidigime düşündim.

Teleýaýlymlarda ýa-da radio gepleşiklerde alypbaryjy bolmak çykyş etmekden örän tapawutly bolsa gerek? Siz bu tapawudy haçan duýup başladyňyz?

− Watan öňündäki gulluk borjumy berjaý edip ýören döwürlerim Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň merkezi Serkerdeler öýüniň harby telestudiýasynda alyp baryjy boldum. Şol wagtlar “Sport” teleýaýlymynyň “Harby sport kämilligi” atly gepleşigini hem alyp barmak bagty miýesser etdi. Bulardan başga-da, “Owaz” radioýaýlymynyň “Esger salamy” atly esgerleriň durmuşyndan söhbet açýan gepleşigini alyp bardym. Alypbaryjy bolmak çykyş etmekden düýpli tapawutly eken. Ol erjelligi talap edýär. Harby gullukdakam men bu ugurdan örän kän tejribe topladym diýip, arkaýyn aýdyp bilerin.

Siz, esasan, söhbetdeşlik görnüşindäki gepleşikleri taýýarlaýarsyňyz. Söhbetdeşiňiziň aljyraýan pursatlary hem bolýandyr. Siz ondan nädip baş alyp çykýarsyňyz?

− Ynsany açmagy başarmaly.( Ýylgyrýar we bir zatlar gürrüň bermekçi bolýar. Men onuň sözüni böldüm)

A siz onuň hötdesinden gelip başarýan bolmaly?

− Elbetde. Has ýygra adamlar bilen hem söhbetdeş bolýardym. Olaryň aljyrap ýazgynyň bulaşýan pursatlary hem bolýar. Şeýle ýagdaýda ýazgy üçin däl-de, diňe gürrüňdeşlikdigini aýdyp, ses ýazýan

enjamymy bildirmän açyp goýýaryn. Şonda ol özüni örän rahat duýyar we arkaýyn söhbet edýäris. Soň ýazgydan özüme gerek ýerlerini alýaryn.

− Sungatyň inçe tilsimlerini kimden öwrendiňiz? Has dogrusy, halypaňyz barada gürrüň beräýseňiz.

− Maňa elmydama ruhy goldaw berýän ejem bilen kakamyň adyny ilki agzasym gelýär. Olar durmuşymda-da, işimde-de baş halypam. Olaryň degerli maslahatlaryny diňläp, durmuşda ýa-da gepleşiklerde goýberen kiçijik säwliklerimi indiki gezek gaýtalamazlyga çalyşýaryn. Galyberse-de, halypam Ýazjemal Annaýewadan köp zatlary öwrendim. Ol maňa islendik wagtda hem sungatyň inçe syrlaryny öwretmekde yhlasyny gaýgyranok. Halypa bilen gatnaşygym Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow bilen tanyşmagyma getirdi. Ussat halypalar bilen gatnaşygym meniň işimde kämilleşmegime itergi berdi.

− Ses ynsana tebigy berlen bolsa-da, ony ta:plap durmaly. Sesiňizi goramak üçin käbir islegleriňizi çäklendirýärsiňizmi?

− Hawa, sowuk zatlary iýip-içmekden gaça durmaly. Aslynda, sesiňi ta:plamak üçin hem türgenleşik geçirip durmaly. Irden gepleşigi taýýarlamaly pursatlarym bolýar. Şonda iki sagat öňünden turýaryn.

Sebäbi ses özüňden 2 sagat soň oýanýar. Her gün irden  limonly ýa-da  bally gyzgynjak çaý içmek indi meniň üçin endige öwrüldi.

Türgenleşik diýeniňizde ýadyma düşdi. Siz sport bilen hem meşgullanýarsyňyz. Onuň sungatyňyza ýetirýän täsiri dogrusynda gürrüň beräýseňiz.

− Sportuň futbol görnüşi bilen meşgullanýaryn. Ýaryşlara gatnaşyp, medallary hem gazandym. Elmydama 17-lik belgide çykyş edýärdim. 7-lik san bolsa, maňa şowlulyk getirýän sanlaryň biri.

Sungatyma täsiri barada aýtsam, sport bilen meşgullanýan adam şähdaçyk, süňňi ýeňil bolýar. Onuň öňünde bolsa, ýetilmejek sepgit ýokdur. Her gün agşamlaryna salkyn howada gezelenç edýärin. Gezelençde wagtym gepleşikde aýtjak sözlerimi serimde aýlap, gaýtalaýaryn. Bu bolsa gepleşiklerimiň şowly çykmagyna esas bolýar.

Siziň okamagyňyzda söýgi hakdaky oýlanmalary diňlemek ýakymly. Özüňiz söýgi temasyna aýratyn üns berýän bolmaly.

− Söýgi hakdaky goşgulardyr oýlanmalar, esasan hem, ýaşlary özüne çekýär. Çünki söýgi diýlende, duýgudan doly dünýä göz öňüne gelýär. Diňleýjileriň ýürek duýgularyny gozgap biläýjek eserleri

okamaly. Biziň esasy maksadymyz hem diňleýjileriň ruhy isleglerini kanagatlandyrmak.

Men söhbetdeşligimiziň ahyrynda Annagurbandan ses ýazgylaryny bermegini haýyş etdim. Ol ylalaşdy we begendi. Ondan dostlarydyr tanyşlary ses  ýazgylaryny diňlemek üçin sorap durýar ekenler. Ol muňa begenýändigini we ruhlanýandygyny aýtdy.

Kärini söýýän, yhlasly Annagurbana işleriniň mundan beýläk-de şowly bolmagyny arzuwlap, söhbetdeşligi tamamlaýarys.

 

Söhbetdeş bolan: Altyngözel AMANMÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu