“Meniň söhbetdeşim” bäsleşigine hödürlenýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe teatr sungatynyň gülläp ösmegi üçin özüniň zehindir yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýän režissýorlaryň biri hem Ata Gullarowdyr. Ol 1984-nji ýylda Mary şäherinde dünýä inýär. 2005-nji ýylda Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň režissýor bölümini tamamlap, şol ýyl Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda döredijilik işine başlaýar. Ata Gullarow ilki artist, soňra oýun goýujy režissiýoryň kömekçisi wezipelerinde işleýär. Ýaş režissýoryň ukyp-başarnygyny, gujur-gaýratyny görkezmek döwri 2007-nji ýyldan başlanýar. Ol teatryň baş režissýory wezipesine bellenilýär we has çuň gözlegli, agyr oýlandyryjy, täsirliligi jähetden tomaşaçylary özüne çekýän sahna eserlerini goýup başlaýar. Ata Gullarow dürli ýyllaryň dowamynda teatryň sahnasynda “Leýli-Mežnun”, “Mälik şa”, “Berç”, “Tereke”, “Ýegşerme goja, ýegşerme”, “Talyp söýgüsi”, “Söýgi duralgasy”, “Garry oýnasa, gaý turar”, “Watanym”, “Heýkeller hem ykballar”, “Söýgi bizi halas eder”, “Tekepbir gyz”, “Ylahy yşkyň kyssasy”, “Halal hazyna”, “Elwan ýaglykly serwim”, “Janserek” ýaly 20-ä golaý ilhalar spektakllaryny sahnalaşdyrýar. Ol 2009-njy ýylda D.Oraýewiň “Leýli-Mežnun”, 2011-nji ýylda G.Daňatarowyň “Mälik şa” atly spektakllary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn-asyry” bäsleşiginde ýeňiji bolýar. A.Gullarowa teatr sungatynda bitirýän uly hyzmatlary üçin 2017-nji ýylda has jogapkärli iş, ýagny Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesi ynanylýar. Ol ýolbaşçy bolmagyna garamazdan režissýorçylyk kärini hem dowam etdirip teatryň sahnasynda birnäçe uly göwrümli, spektakllary hem uly höwes bilen sahnalaşdyrýar. Biz hem Ata Gullarowyň ykbalyny baglan teatr sungatynda, ýolbaşçylyk we režissýorçylyk kärlerinde alyp barýan işleri dogrusynda eden döredijilik söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
– Ata aga teatr älemine gelişiňiz, sizi bu jadyly sungata getiren ýollar barada gürrüň beräýseňiz?!
– Her bir döredijilik adamsynyň sungata gelmegine bir zatlar öz täsirini ýetirýär. Meniň režissýor bolup bu jadyly sungata gelmegime öýümiziň şol döwürler Mary şäheriniň Margiana köşgünde ýerleşýän Kemine teatrynyň golaýynda bolmagy. Heniz 6-njy synpda okaýan döwrüm deň-duş oglanlarym okuwdan soň futbol oýnamaga howluksalar, mekdepden öýe geldigim, teatra gidip spektakl görmäge howlugýardym. Sebäbi teatrda görkezilýän her bir sahna oýuny meniň çaga kalbymy özüne bendi edýärdi, has dogrusy jadylaýardy. Kemine teatrynda sahnalaşdyrylan spektakllaryň hemmesini diýen ýaly ýatdan bilýärdim. Teatryň hemme işgärleri hem meni tanaýardylar. Kä halatlarda başga işler bilen teatra barmadyk günlerim, işgärlerden: -“Düýn näme üçin gelmediň” diýip, soraýanlaram tapylýardy. Men hem özümi teatryň işgäri ýaly duýýardym we sahnada spektakl gidip duran wagty tomaşaçylara: – “Ýuwaş, gepleşmäň, oýun gidip dur-a” diýip, oýuna päsgelçilik döretmezlikleriniň, tomaşaçylaryň ine-gana arkaýyn görmekleriniň aladasyny edýärdim. “Ýuwaş gepleşmäň” diýen sözüme-de öz ýanymdan monça bolan bolýardym. Sebäbi mende teatra bolan söýgi çäksizdi. Soň-soňlar men haýyş edip, teatrda yz galdyran belli, zehinli režissýorlar, Abdylla Ýakubowyň, Gurbangeldi Hotjyýewiň goýýan spektakllarynyň taýýarlyklaryny görmäge gelýärdim. Wagtyň geçmegi bilen mende oýun oýnamak höwesinden-de beter, oýun goýmak islegi has-da agdyklyk edip başlady. Şeýlelikde, režissýor bolmak höwesim meni 2000-nji ýylda Kemine teatrynyň gapysyndan ätletdi. Teatrda bir ýyla golaý kömekçi toparyň artisti bolup işledim. Soňra 2001-nji ýylda Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň sazly drama teatrynyň režissurasy bölümine okuwa girdim.
– Ata aga talyplyk ýyllaryňyzda gelejekde teatr sungatynyň gazanynda gaýnap joşmagyňyzda, zehinli režissýor bolup ýetişmegiňizde ýakyndan ýardam beren ilkinji halypalaryňyz we ilkinji sahnalaşdyran spektaklyňyz barada dowam etsek!
-Elbetde, teatr sungatyna bolan çäksiz söýgümiň üstüni ýetiren, bu jadyly sungata ýüregiňi berip ýapyşmalydygyňy, yhlas bilen gije-gündiz zähmet çekimelidigiňi öwreden halypalary ýatlamazlyk mümkin däl. Talyplyk ýyllarymda institutyň tejribeli, baýry mugallymlary beýik ussatlar, Türkmenistanyň halk artistleri Durdymämmet Oraýew, Çary Işangulyýew, Goçmyrat Bekiýew, Allaberdi Meläýew ýaly halypalaryň döredijilik ussahanasynda bilim almak, režissiýorçylyk sungatynyň inçe syrlaryny öwrenmek bagty maňa-da miýesser etdi. Halypalaryň biri, pýesanyň döwrebap meseleleri gozgap, onuň tomaşaça edýän täsirini, özboluşly häsiýetli gahrymanlary orta çykarmalydygy barada aýtsa, beýleki biri artistler bilen işleşmegiň tilsimlerini, şeýle hem eseriň ynsany ruhlandyryjy, oýlandyryjy häsiýetli bolmalydygyny nygtaýardylar. Halypalaryň talaby diýseň güýçlidi. Hepdäniň dowamynda her talyp iki sany romany, iki sany pýesany okap, ýene-de ýazmaça üç-dört sany etýudy derňew etmegi başarmaly-dy. Munuň özi köp okamagy we köp zähmeti talap edýärdi. Halypa režissiýorlaryň her bir beren bilimi, bir-biriniňkä meňzemeýän halypalyk maslahatlary meniň üçin uly bir mekdep boldy. Men gaty bagtly adam. Sebäbi, şular ýaly ägirt ussatlardan tälim aldym. Heniz talyp döwrüm, tomaşaçylaryň iň köp barýan söýgüli teatrlarynyň biri bolan häzirki Alp Arslan adyndaky milli drama teatry meni güler ýüz bilen, öz ogly ýaly kabul etdi. Teatryň ýolbaşçysy Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň uly tagallasy, ýakyndan goltgy bermegi bilen teatryň sahnasynda iki sany spektakly sahnalaşdyrdym. Teatrda oýun goýmagym üçin ähli şertleri döredip berdiler. Şeýlelik bilen talyplyk ýyllarymda ilkinji gezek 2004-nji ýylda sungatda uly yz galdyran dramaturg Aşyr Mämiliýewiň “Söýgi duralgasy” spektaklyny, soňra diplom işi hökmünde 2005-nji ýylda A.Mämiliýewiň “Toý” spektaklyny sahnalaşdyrdym. Bu işime halypalar umytly garaýyş bahasyny berdiler.
-Ata aga teatr sahnasynda zehin, döredijilik we üstünlik şular dogrusynda nähili pikir edýärsiňiz?
-Zehin-bu ynsana Hakdan berilen iň ajaýyp we bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk. Zehin maksadyňa ýetmek üçin ýöreýän ýoluňda seniň wepaly ýoldaşyň, goldajak duýgyň, büdrän ýeriňde özüňe daýanyp turmaga ýardam etjek göze görünmeýän gudratly hemraň bolýar. Teatr sahnasyna gadam basmak üçin şol ugra bolan ymtylyşyň, höwesiň iň esasanam zehin gerek.
-“Zehin sungat adamlaryna tebigy berlen” diýýärler. Zehini zähmet bilen, ýüze çykaryp bolýar. Zehini kämilleşdirmek bolsa, sungatda öz ýoluny tapmak isleýän artistiň özüne bagly bolýar.
-Döredijilik barada gürrüň edilende edilen işler bilen bir hatarda ýakyn geljekdäki maksatlar barada hem hökman belläp geçmeli. Sebäbi maksat-bizi öňe sary alyp gidýän güýç. Teatryň ýakyn geljekdäki maksatlary hem elbetde, täze-täze spektakllar bilen baglanyşykly. Haçan-da döredijilikde ylham, zähmet we zehin sazlaşanda halkyň göwnünden turýan ajaýyp eserler döreýär. Şeýle eserleriň ömri-de uzak bolýar we şol döredijilik adamysy üstünlige ýetýär.
-Men ozal belli halypalardan: “Üstünlik togsan dokuz göterim zähmetden, bir göterim hem zehinden durýar” diýip eşidipdim. Üstünlik ynsanyň iň bagtly pursady, eden işiniň netijesini, miwesini görmek. Her bir adamyň eden işi, halypalar bilen maslahatlaşyp edilen iş bolsa, ol hem köpçülik tarapyndan gowy kabul edilen ýagdaýynda onda üstünlik elmydama sen tarapda bolýar. Üstünlik-bu seniň päk göwünli zehiniň, döredijiligiň we halal zähmetiň netijesinde ýetilýän bagtdyr. Netijede şu üç gudrat birleşýärde ynsany durmuşda öz ornuny tapmaga ýardam edýär.
-Eser we režissýor sözüne garaýşyňyz.
-Eser döredijiligiň önümi, işiň zähmetiň netijesi. Eser režissýoryň sungatdaky ýüzi. Şol eseri sen nähili goýsaň, seniň döredijilik dünýäňe şonuň ýaly hem baha berýärler. Režissýor pýesa bolan söýgi bilen bu ýerini şeýle goýaryn, şular ýaly çözgüt bolar diýip ýaňky eser bilen ikiçäk gepleşip, gahrymanlaryň dünýäsinde diýjek, diýmejek sözlerini ölçeýär we seniň režissýor hökmünde aýtjak bolýan zadyň, eserdäki režissura näme diýmeli? Eseriň awtory kim, onuň şu wagta çenli ýazan eserleri we olaryň ähmiýeti, sen şol pýesany gülkülimi, agylymy, ýada drama hökmünde goýjakmy, soňra eseriň ösüşinde, çözgüdinde näme aýtjak bolýaň, gahrymanlaryň häsiýeti nähili bolmaly, olara özüňi bilşiň ýaly häsiýet bermegi başarmaly. Dogry tapylan häsiýet hem keşbi baýlaşdyrýar. Soňra saz, yşyk, sahna bezegi, artistiň geýjek egin eşikleri hakda oýlanyp pesinden 150-sahypadan gowrak eserden daşary taýýarlanan çözgütleriňden soň şol eseri artistler bilen goýmaga başlaýarsyň.
Režissýor bolmak üçin diňe oýun goýujylyk ukyby ýeterlik däl. Ol halkymyzyň geçmiş-taryhyna degişli kitaplary köp okamaly, elmydama gözlegde we giň dünýägaraýyşly bolmaly. Režissýor filosof, psiholog, ähli meseläniň beýemçisi, köpçüligiň öňünde öwrediji, düşündiriji bolup, ol artiste spektaklyň many-mazmunyny, eseriň nähili pikiri ündeýändigini düşündirmegi başarmaly. Artistler nähili sorag bilen ýüzlenseler-de, olara jogap berip bilmeli. Režissýor her artistiň şahsyýetini gowy bilýär, onuň gözýetiminden ugur alýar, şony gerekli ugra gönükdirýär. Ol diňe bir artisler bilen döredijilikli işleşmegi başarman, eýsem, sahna işgärleri, saz bezegçisi, yşyklandyryjy, kompozitor, hudožnik, dramaturg bilen hem ugur tapyp işleşmegi, gerek ýerinde belliklerini aýtmagy başarmaly. Bir söz bilen aýdanyňda, režissiýor teatryň ýüzi bolup spektaklyň şowly çykmagyny gazanmaly.
-Ata aga ýolbaşçylyk bilen režissýorçylyk kärini bile alyp barmak size kynçylyk döredýärmi?
-Ýok hiç hili kynçylyk döränok, tersine lezzel alýaryn. Çünki okasamam, ýazsamam, öwrensemem, döretsemem teatrda bolýan. Kähalatlarda otagymda otyrkam, sahnada taýýarlyk gidip duran bolsa artistleriň sesini eşidip ylgap sahna girip gidenimi özüm hem duýman galýaryn. Bir söz bilen aýdanymyzda teatrda sahnalaşdyrylýan her bir oýun bilen ýaşaýaryn, teatr bilen dem alyp, ýürek urşumy duýýaryn. Durmuşymy teatrsyz göz öňüme getirip bilemok. Çünki teatr meniň ykbalymyň, ömrümiň örklenen ýeri bolup durýar.
– Ata aga “Ylahy yşkyň kyssasy” spektakylyny göreňde başyň aýlanýar, wakalaň içinde waka gidýär. Soňam gahryman bilen bile aglaýaň. Onsoň kelläňi, aňyňy çaşyryp psihologiki pikirlerden soň asyl beýle eken-ow diýip galýarsyň. Bu pikirler size nireden gelýär?
– Eger tomaşaçy spektakldan öz sorglaryna jogap tapyp bilse, onda režissýoryň çeken zähmetiniň ýerine düşdügi bolýar. Spektaklyň gozaýan meselesi söýgi hem bolsa, ol hökman hakykatyň bir ülşüni görkezmeli, sebäbi teatrda durmuşy kesesinden synlap bolýar. “Ylahy yşkyň kyssasy” spektakylynda hem wakalaryň dartgynly bolmagy, keşpleriň täsirli açylyp görkezilmegi, olaryň gylyk häsiýetleriniň gowy ýüze çykarylmagy, tomaşaçynyň çuň pikirlenmegi üçin gije gündiz jan aýaman işlemeli bolduk. Ýene bir zat enäň oglunyň täsin, ýene bir çagasynyň çyrçykly bolmagyna ene jogap tapyp bilmese gerek. Menem şeýle gördüm diýäýmesem.
-Häzirki wagtda teatryňyzda alnyp barylýan işler, geljeki maksatlaryňyz barada aýdyp berseňiz?
-Biziň Kemine adyndaky döwlet drama teatrymyzda hem edil ýurdumyzyň her bir medeniýet, sungat ojaklarynda bolşy ýaly täze-täze gözlegler bilen alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Teatrda zähmet çekýän her bir işgär, sahnalaşdyrylýan spektaklyň şowly çykmagy, tomaşaçylaryň gyzgyn garşylamagy üçin uly alada edýär. Bir sahna oýnuny döretmek üçin onlarça adam irginsiz zähmet siňdirýär. Teatrymyzyň sahna ussatlary bilen “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan “Hakykat”, “Newis”, “Duzuň gudraty” ýaly ajaýyp rowaýatlaryny janlandyryp teleýaýlymlarda çykyş etdik. Şu günler bolsa N.Gurbanmyradow bilen bilelikde sahna diline geçirilen “Türkmen sahysy” atly täze bir pýesany sahnalaşdyrmak üçin suratkeş bilen işleýärin. Geljekde hem taryhy eserleriň esasynda, şeýle-de bagtyýarlyk döwrümizi wasp edýän spektakllary sahnalaşdyrmagy maksat edinýärin.
-Ata aga beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Biz size teatr sungatynyň täzetäze döwrebap eserler bilen baýlaşmagyna mynasyp goşant goşmakda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny, ajaýyp sahna eserleriňiziň dowamly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýaris.
-Sag boluň.
Söhbetdeşligi ýazga geçiren: Kuwwatgeldi ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň talyby.
TMÝG-niň işjeň agzasy.
Gyzykly makala eken. Üstünlik arzuw edýän. Ýenede gowy makalalara garaşyas.
Gyzykly söhbetdeşlik eken Berekella! şular ýaly bäsleşikler köpüräk bolsun.
It is so good article and interesting when i began to read the beginning of the article i want to read till the end because i like such a kind of article. So i know Ata Gullarow. he is very kind and smart artist. Young journalist wrote very attractive. Good luck!
Yas zurnalistimize ustinlik arzuw edyaris. Baslesigin netijelerine uly sabyrsyzlyk bilen garasyarys.