Reportaž

Bäsleşige: Aýdymly dünýäniň aşygy

06-06-2021 / 15

“Meniň söhbetdeşim”bäsleşigine

MEÝLIS  HALBAÝEW.

Doglan ýyly we ýeri: 1988-nji ýylyň 18-nji sentýabry, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheri.
Işleýän ýeri: Aşgabat şäheriniň Nebit-gaz toplumynyň medeni işewürlik merkezi.
Halaýan sport görnüşi: suwda ýüzmek.
Gowy görýän tagamlary: türkmen milli naharlary.

Aýdym-saz jadyly dünýä. Şol jadyly dünýäniň howasyndan dem alyp, ajaýyp aýdymlary bilen halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolan ýaş, zehinli aýdymçylar diýseň köp. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň saýasynda işlemäge, döretmäge, öz ukyp-başanygyňy ýüze çykarmaga ähli mümkinçilikler bar. Şol döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, halkyň içinde uly meşhurlyk gazanan aýdymçy ýigit Meýlis Halbaýew bilen taýýarlan döredijilik söhbedimizi okyjylara ýetirmegi makul bildik.

-Meýlis söhbetdeşligimiziň başyny aýdym-saz äleminde ilkinji äden ädimleriňiz bilen başlaýsak!

-Sungatyň syrly gujagyndaky ilkinji ädimlerim meni çagalar bagyna gatnaýan döwürlerime sary alyp gidýär. Sebäbi men aýdym-saza şol döwürlerde imrinip başlapdym. Ilkinji aýdan aýdymym hem Watan barada bolupdy. Şol wagtlar agam Serdar Halbaýew Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde dutar hünärinden mugallym bolup işleýärdi. Şonuň ýerine ýetirýän aýdymlaryny diňläp, gaýybana Mollanepesiň “Ner gezgin” goşgusynyň esasynda ýerine ýetirilýän aýdymy öwrendim. Şeýle-de meniň aýdym-saza has ýykgyn etmegimde kakamyň orny örän uly. Kakam ýaş wagty aýdym aýtmagy şeýle gowy görýän eken, emma atam oňa aýdym aýtmaga rugsat bermeýär. Kakam aýdym aýtmaga bolan höwesini gursagynda garradansoň, biziň aýdym-saza ýykgyn etmegimize gaty begendi. Obamyzda dessançylyk ýolundan aýdym aýdýan Baýram diýip bagşy bardy. Kakam meni ýaşlygymdam Baýram bagşynyň ýanyna şägirt hökmünde gatnatdy. Şondan soňra men mekdepde geçirilýän medeni çärelerde aýdymlarym bilen çykyş edip başladym. Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň hor bölümini tamamladym.

-Aýdym-saz dünýäsindäki halypalaryňyz dogrusynda gürrüň edilende ilkinji nobatda kimi goýardyňyz?

-Agam Serdar Halbaýewi, şeýle-de halk aýdymlaryny aýtmagy öwreden Hydyr Hanowy ilkinji nobatda goýardym.

-Aýdym-saz dünýäsindäki ilkinji üstünligiňiz?

– Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly aýdym-saz bäsleşiginde ýeňiji boldum. Ilkinji döredijilik üstünligim, geljekki aýdyma bolan söýgimi artdyran ilkinji başlangyç hökmünde şol pursady aýdyp bilerin.

-Meýlis sungat adamsy köpugurly bolýar. Sebäbi bu jadyly dünýäniň bir çetinden girip ugranyňdan beýleki görnüşlerine nädip imrigeniňi özüňem duýman galýarsyň. Söhbetdeşligimiziň şu ýerinde siziň şu pikire bolan garaýşyňyzy, şeýle-de siziň sungat dünýäsindäki alyp barýan işleriňiz barada bilmek gaty gyzykly.

-Elbetde, siziň bu pikiriňiz bilen men doly ylalaşýaryn. Sebäbi sungatda çäk ýok. Onda öwrendigiňçe-öwrenesiň, bildigiňçe-bilesiň gelýär. Men hem diňe aýdym aýtmak bilen çäklenmän, milli saz guralymyz bolan dutar çalýaryn, halk aýdymlarymyzy täzeçe öwüşginde ýerine ýetirýärin. Mundan başga-da türkmen teleýaýlymlarymyzda ýaýlyma berilýän birnäçe kinofilmlerde hem keşpleri janlandyrdym.

-Size estrada aýdymlary has ýakynmy, ýa-da halk aýdymlary?

-Maňa estrada aýdymlary has ýakyn gelýär.

-Döredijilikli dünýäňizde size iň meşhurlyk getiren aýdymyňyz haýsy?

-2014-nji ýylda gözel Awazanyň kenarynda şekile geçirilen “Awaza” atly aýdymym iň meşhurlyk getiren aýdym boldy. Mundan başga-da “Yşkym” , “Söýgi aýdymym” , “Hoş gal” ýaly aýdymlarymy hem sanawyň öňdäki orunlarynda goýup bilerin. Muşdaklarymyza ýakyn wagtyň dowamynda ýetirmegi meýilleşdirýän “Gal ýanymda” atly şekilli aýdymym hem ildeşlerimiziň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolar diýip umyt edýärin.

-Türkmende “Ata kesbi ogla halal” diýilýär. Siziň maşgalaňyzda sungatda yzyňyzy dowam etdirjek barmy?

-Hawa, meniň dört çagam-üç oglum, bir gyzym bar. Tüweleme ogullarymyň üçüsem şu wagtdan aýdyma höwesek. Uly oglum Musa akkerdeon, pionino saz gurallaryny çalýar. Onuň ýanynda Isa, Muhammetaly, gyzym Hatyja aýdym aýdýarlar. Umuman maşgalamda sungat ýolumy ýöretjek höwesekler bar.

– Meýlis sungat adamsyna ylhamyň gelşi dürli-dürli bolýar. Siz nämeden ylhamlanýarsyňyz? Umuman alanymyzda siziň ylham çeşmäňiz dogrusynda söhbetdeşligimizi dowam etdiräýsek.

-Hormatly Arkadagymyzyň saýasynda ata Watanymyzyň asudalygy, günlerimiziň parahatlygy meniň esasy ylham çeşmäm bolup durýar. Sebäbi haýsy ýurt parahat bolsa, haýsy ýurduň ilaty her daň säheri toý-baýram bilen garşylaýan bolsa, şol halk iň bagtly halk. Eziz Diýarymyzda bellenip geçilýän şanly baýramçylyklar hem biziň ylham guşumyzy belende galdyrýar.

-Meýlis söhbetdeşligimiziň ahyrynda siziň ýürek buýsançlaryňyzy hem eşidäýsek.

-“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen şanly ýylda türkmen halkynyň toýlary-toýlara, baýramlary-baýramlara ulaşsyn. Bizi ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

-Sag boluň Meýlis! Eden arzuwlaryňyz hasyl bolsun. Bizem size täze döredijilik gözlegleriňizde diňe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris. Mahmal owazyňyz elmydama belentden-belent ýaňlansyn!

 

Söhbetdeş bolan: Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu