Habarlar

Buzgaýmak tagamly mawy banan

04-06-2021 / 8

Azyklyk hem-de beýleki maksatlar üçin gündelik durmuşymyzda giňden ulanylýan miwedir ir-iýmişler özüniň köpdürliligi, bir-birinden datly tagamy bilen tapawutlanýar. Şolaryň biri-de mawy reňkli banandyr. Mawy banan – örän tagamly seýrek duşýan miwedir. Kök ulgamy güýçli bolup, baldagy berk, ýeliň täsirine durnuklydyr. Bişen miwesi özüniň ýakymly ysy bilen has-da özüne çekmek bilen, beýleki adaty banandan tapawutlanýar.

Boýy 7 metre çenli ösüp bilýär. Ýapraklary kümüş ýaşyl reňkde, bişmedik miweler kümüş gök reňkde bolýar. Bişenleri bolsa sarymtyl-ak reňkdedir. Mawy banan dürli ýerde dürlüçe atlandyrylýar, ýagny Gawaida “Gawai babany”, “Gawai doňdurma banany”, Filippinlerde “Krie”, Merkezi Amerikada “Senizo”. Mawy bananlaryň watany Günorta-Gündogar Aziýadyr. Esasan hem Günorta Aziýanyň Gawai adalarynda köpçülikleýin ösdürilýär. Häzirki wagtda ABŞ-nyň dürli ýerlerinde hem giňişleýin ýetişdirilýär. Bu bananlar sowuga çydamly bolup, pes temperaturada hem ösüp bilýärler. Olar üçin optimal temperatura 5ºC derejedir. Mawy bananlar terligine iýilmek bilen birlikde, onuň köp mukdary konditer önümçiligi üçin ulanylýar. Ondan taýýarlanylýan buzgaýmaklar özüniň ajaýyp tagamy we ýakymly ysy bilen güneşli tomsuň aýratyn datly lezzetidir.

 

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu