Reportaž

Bäsleşige: Halypa we döredijilik dünýäsi

02-06-2021 / 18

 “Meniň söhbetdeşim” atly döredijilik bäsleşigine

Döredijilik adamlarynyň islendigini alyp görsek olaryň döredýän eserleri arkaly şol döwrüň durmuşyny bilmek, oňa baha bermek bolýar. Biz zamanamyzyň belent waspçysy, ençeme goşgular toplumlarynyň, ýüzlerçe aýdymlaryň, “Täleý köprüsi” atly romanyň, powestleriň, hekaýalaryň, nowellalaryň, syýasy-liriki makalalaryň, çeper we dokumental filmleriň edebi esaslarynyň awtory, döwlet sylaglarynyň we hormatly atlaryň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW bilen söhbetdeş bolmagy maksat edindik.

 

– Döwletgeldi  aga, ilki bilen gürrüňdeşligimizi döredijilik ýoluna tarap äden ilkinji ädimleriňiz baradaky gürrüňlerden başlaýsak.

 – Elbetde, hemmede bolşy ýaly, mende-de döredijilige ilkinji ädimlerim mekdep ýyllarynda, entek 3-nji synpda okap ýören wagtlarym başlandy diýsem, ýalňyş bolmasa gerek. Şol döwürlerde:

Goşa tud-a, goşa tut,

Ýapraklaryň düşe, tut,

Häzir bize dözmeseň,

Galmaz olar gyşa, tut!

-diýen setirleri ýazanym ýadymda. Çünki çagalyk ýyllarynda “Görogly” eposyny gije ýorganyň içinde el fonaryny ýakyp, kän gaýtalap okanym ýadymda. Şol sebäpli-de bu bent goşgy:

 “Ýol üstünde goşa çynar,

 Dök, ýapragňy, düşe, çynar!

 Ylanym müň ýaşa, çynar,

 Saýaňa gyzlar geleýdi”—

diýen setirler bilen sazlaşýan bolmagy mümkin. Elbetde, bagşylaram, şahyrlaram täsirlenip-täsirleniň öz ýoluny tapýarlar. Ýöne mydama ili gaýtalap ýörjek bolsaň, ol sungat saňa üstünlik getirmeýär. Wagtyňy biderek, bihuda gidireniň galýar. Ähli zatda diňe öz ýüzüňi gözlemeli. Üstünligiň açary şonda. Ýöne şygryýet dünýäsinde men özümi gözläp-gözläp, “Ýa men ötüp barýan nätanyş ýoldan, Ýa belet köçämden ýat adam barýar”, “Öýüne sygmadyk sygmaz äleme, Äleme sygmadyk öýüne sygar”, “Men, göýä, bag deýin ösüp otyryn, Bag bolsa bir adam kimin dymyp dur”…ýaly özboluşly çeper öwrümleri tapandygyma begenýärin.

Döwletgeldi aga,  islendik kärdäki adamyň halypasy bolýar. Siziň hem halypalaryňyz bardyr. Geliň, gürrüňimiziň şu ýerinde halypalaryňyz barada gürrüň beräýseňiz.

-Öňki çykyşlarymda-da aýdyşym ýaly, şygry, ynha, şeýdip ýazmaly diýip öwredere, ol agaç ussaçylygy ýa-da sürüjilik käri däl. Şygyr ýazmak—ykbal işi. Ol göze görünmeýän, kalbyňy lerzana getirýän ylahy sungat. Şahyryň kalbynda dünýäniň ahwalaty gopýar. Şahyrçylyk—joşgun, ylham, hyjuw. Ol sil tolkunlarynyň öňünde durmak kyn. Şygryň halypasy ykbal öwrümlerine eýlenen köpsynagly durmuş öwrümleri. Halypaçylyk saňa şygyr düzüliş kadalaryny, daglardan inen däli sil deý joşgunyňy nähili äheňde, nirede ulanmalydygyny salgy berip biler.  Ýöne halypaçylyk şahyr bolmagyňa kepil geçip bilmez. Meniň halypalarym dünýäniň edebi altyn hazynasy, nusgawy edebiýatymyzyň genj-käni, häzirki zaman eserleriniň merjeni. Gahryman Arkadagymyzyň eserleri bolsa bize mydama nusgalykdyr.

 -“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip, yglan edilen ýylda Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramynyň dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Paýtagtymyz Aşgabadyň islendik künjegini synlanyňda, kalbyň heýjana gelip, gözel Diýarda ýaşaýanlygyňa bolan buýsanjyň has-da artýar. Gahryman Arkadagymyzyň täsin sungat eseri bolan Aşgabat, elbetde, döredijilik adamysynyň hem kalbyny heýjana göterip, birnäçe ajaýyp eserleriň peýda bolmagyna getirýär. Şular dogrusynda gürrüň beräýseňiz!

 –Hormatly Prezidentimiziň kalp gözelliginden gözbaş alyp, dünýäniň merjen şäherine öwrülen Aşgabadyň täze keşbini bu günki gün taryp etmäge söz gerek. Aşgabat häzirki wagtda köşgi-eýwanlaryň, seýilgähleriň, estakadalaryň, şaýollaryň, köprüleriň, çuňňur mazmunly binalaryň şäherine öwrüldi. Aşgabat gözelligiň, söýginiň, mähribanlygyň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň, halkara sport we aýdym-saz bäsleşikleriniň, raýdaşlygyň şäherine öwrüldi. Men Aşgabat şäheri barada birnäçe goşgular toplumlaryny döretdim. Olaryň ençemesi ýurdumyzyň sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilip gelýär. Aşgabat—bagt şäheri. Aşgabat—ylham, poeziýa, sungat şäheri. Sözüm gury bolmazlygy üçin ýazan şygyrlarymdan bir bent mysal getireýin.

Kalbyň—uçmah,  roýuň–jennet, asman-zemin şalygynda,

Keşbiň–sungat, bagtyň—sungat, dutar-gyjak, saz eliňde,

Sen–hazyna, baýlyk-hümmet, tarypyň Arşyň deňinde,

Dessan eýlesem her bapdan, her köňülde sen, Aşgabat,

Geýen lybasyň zerbapdan, her gülünde sen, Aşgabat!

-Ak şäherimiz Aşgabat barada öň döreden goşgularyňyz ýa-da şolardan aýdyma öwrülenleri barada aýdaýsaňyz.

-Aýdyma öwrülen goşgularymdan anyk mysallara ýüzlensek, Türkmenistanyň halk artistleri Suhan Orazberdiýewiň “Jan Aşgabadym”, Akmuhammet Hanowyň “Aşgabat”, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Arslan Atdanowyň “Bagt şäherim Aşgabat“, Jumamuhammet Akgaýewiň “Aşgabat” we “Serpaý” döredijilik toparynyň “Arkadagyň sungaty sen, Aşgabat!” aýdymyny we beýlekileri mysal görkezmek bolar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Omar Igamowyň döreden sazy esasynda meniň sözlerime täze aýdymy welaýatlar we Aşgabat şäheri bilelikde ýerine ýetirmekde taýýarlyk görýär. Täze öwüşgindäki bu aýdymlar çemeni Aşgabadyň döredildilmeginiň 140 ýyllygyna saldamly sowgat bolar diýip umyt edýäris.

-“Ýürekden çykan söz ýürege barýar” diýleni. Hakykatdan hem, siziň gözel paýtagtymyz Aşgabat barada döreden goşgularyňyz ony okan  her bir  türkmeniň kalbynda paýtagtymyza bolan buýsanç duýgularyny belende götermek bilen kalbyny heýjana salýar. Siz Aşgabat barada döreden goşgularyňyzda nämelerden ylham aldyňyz?

-Bu sowala ýaňy hem gyýtaklaýyn jogap berdim öýdýän. Aşgabat—duýgynyň, söýginiň, ylhamyň şäheri. Ondaky her bir ösüp oturan baglarda ýaşlyk ýatlamalary bar. Binalar, köşgi-ymaratlar kalbyňy joşdurýar.  Men tas ähli goşgymy Aşgabat şäheriniň ylhamynda ýazdym diýsemem ýalňyş bolmaz. Çünki Aşgabat—edebiýat hem sungat şäheri. Häzir kalplary elendiren Aşgabat ýertitremesi hem-de bu günki täzeden dörän şäher barada ýazan “Aşgabat mukamy” atly goşgymdan mysal getireýin.

Gör, nije synaga döz gelen şäher

Täzeden döreýip, özgeren şäher,        

Göwsüňde nije jan gizlenen şäher,

Ençe gözleň ýaşymy sen, Aşgabat?!.

 

Yşky enwer köşki-eýwan içinde,

Müşki anwar läle-reýhan içinde,

Arkadagly täze zaman içinde,

Täze döwrüň röwşeni sen, Aşgabat!

 

-Döredijilik adamysy täzeligiň gözleginde bolmaly, täze eserleri döretmeli. Elbetde, siziň hem Aşgabat barada täze ýazan goşgularyňyz bardyr. Mümkin bolsa, şolaryň birini okap beräýseňiz.

” –Aşgabat mukamy” eserimden ýene-de  bentleri okap beräýeýin.

                               Yklym-yklym dünýelere ýagty sen,

Köňülleň guwanjy,

halkyň bagty sen,

Gül Diýaryň köşki-eýwan,

tagty sen,

Şähristanlaň täjimi sen, Aşgabat!?

 

Aňryňa seretseň, kerem-keramat,

Sagryňa seretseň, giden ymarat,

Mähriban sen,

Gahryman sen –

ybadat,

Muhabbetiň möwjümi sen, Aşgabat!?

 

Arşyňda humaýun ganat kakandyr,

Kürsüň,

degre-daşyň –

durkuň Watandyr.

Sende pederleriň ruhy ýatandyr,

Beýik ruhlaň güýjümi sen, Aşgabat?!

Yzy kän. Poemadan bölek.

-Aýdyma öwrülen goşgularyňyz barada gürrüň beraýseňiz.

-Indi köp ýyllardan bäri ýurdumyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän aýdymlar, kompozisiýalar, çeper okaýyşlar döretmekde önjeýli iş alyp barýaryn. Döwlet çärelerinde, toý-baýramlarynda, dabaralarynda Türkmenistanyň halk artistleri Jemal Saparowa, Atageldi Garýagdyýew, Suhan Orazberdiýew, Parahat Amandurdyýew, Akmuhammet Hanow, Läle Begnazarowa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Gözel Öwezowa, Züleýha Kakaýewa, Ilşat Annamämmedow, Arslan Atdanow, Jahan Tagyýewa, Guwanç Ýazmämmedow ýaly ýurdumyzyň   belli sungat ussatlary tarapyndan aýdymly eserlerim ýaňlanyp gelýär. Sözümi gysgaldyp aýdanymda,   ençeme syýasy aýdymlar bilen birlikde, soňky wagtlarda kompozitorlar   bilen ýaşlar temasyndan  birnäçe liriki aýdymlar hem işledik. Olardan aýdymçy Laçyn Hudaýgulyýewanyň “Gözlerim ýoluňda”, “Ýyllar eglenmez”, “Sen dolanmadyň”, Aýjemal Jumanyýazowanyň “Sen kalbymda ýaşasaň”, Bahar Ezizowanyň “Seni küýseýän” ýaly aýdymlaryny mysal görkezmek bolar. Elbetde, “Türkmenistan”, “Şykga-şykga bilezik”, “Yhhymmyl”, “Ak, gyzyl, ýaşyl monjuk”, “Ýaşaýyşyň baky dowamy, ene”  ýaly aýdymlarymyň halkyň söýgüsine mynasyp bolandygy begendirýär.

-Söhbetdeşligimiziň şu ýerini öň ýazan we indiki ýazjak kitaplaryňyz dogrusyndaky gürrüňler bilen dowam edäýeli.

-Bagtyýarlyk döwründe “Täleý köprüsi” atly roman-essäni, «Bagt ýoly», «Söýgi kenary», «Bularyň bary sen hakda», «Iberilmedik hatlardan», «Sen aman bol dünýede!», «Jeňňel kanuny», «Çarhypelek» atly powestleri,  «Mähir küýsegi», «Aýal dogan», «Ilkinji mugallym», «Nätanyş gyz», «Aýly gijeler», «Arabaçynyň söýgüsi»,   «Kalbymda azaşan ak guwlar», «Ýollar bizi duşurmazmy?», «Dünýäniň ýadyndan çykmaz», «Akmaýanyň ýoly», «Köňlümiň perwanasy» atly ençeme hekaýalary ýazmak bagty miýesser  etdi. Şol eserler esasynda «Söýgi sährasy» (25 bölüm), «Söýgi yşyklary» (7 bölüm) atly köp bölümli çeper telefilmler hem-de Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde surata düşürilen «Aýdyma siňen ömürler», «Aşyklaryň obasy», «Söýgi kenary», «Bagta barýan ýollar» ýaly uly göwrümli aýdym-sazly çeper kinofilmler, onlarça publisistik filmler döwrümiziň ruhy keşbini açyp görkezmek bilen, tomaşaçylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy. Häzirki wagtda “Dünýäniň yşky” atly uly göwrümli proza kitabymy çapa taýýarlap ýörün. Ýakyn wagtda okyjylar köpçüligine gowşar diýip umyt edýärin.

-Gelejekki ýaş žurnalistlere hem-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlara nähili maslahatlary berip bilersiňiz?

–Şu sowalyň berlerine garaşýardym. Sebäbi siziň okuw mekdebiňiz halkara žurnalistikasyna degişli bolansoň, şeýle sorag berilmegi tebigy kanunalaýyklyk bolup durýar. Bu sowala jogap bermäge synanyşaýyn.

Özümem gazet-žurnallarda birnäçe makalalar toplumyny ýazamsoň, durmuş tejribämden ugur alyp, ýaş žurnalistlere şeýleräk maslahatlar beresim gelýär. Meniň pikirimçe, žurnalist ýazmazdan öňürti,  ilki bilen  wakalaryň möhümligine, wajyplygyna, döwrebaplygyna, şeýle hem,   maglumatlaryň anyklygyna, takyklygyna üns bermeli. Her bir žurnalistiň hiç kimiňkä meňzemeýän öz ýazyş stili, öz ýüzi, öz ruhy dünýäsi bolmaly. Žurnalist diňe bir bolup geçýän wakany beýan edip oňmaly däl-de, oňa öz garaýşyny, öz netijesini siňdirmeli. Her bir makalanyň aňyrsynda çuňňur watançylyk duýgulary möwç urup durmaly. Žurnalist haýsy waka barada ýazjak bolanda, onuň haýsy žanra degişlidigini bada-bat saýlamagy başarmaly. Žurnalistika degişli her bir žanryň öz dil aýratynlyklary bolmaly. Meselem, interwýu, reportaž, makala, zarisowka, oçerk, publisistika—bular möçber hem dil tarapdan tapawutlanmalydyr. Žurnalistiň pikiri hem dili, sözlemleri sagdyn bolmaly. Her temanyň hem öz beýan ediş, dil aýratynlyklary bolmaly. Meselem: medeniýet, oba hojalyk, sport: bular ýazylyşy hem sözlemiň düzülişi boýunça özara tapawutlanmalydyr.

Žurnalistika dünýäde  iň gyzykly hem abraýly kär hasaplanylýar. Size hormatly Prezidentimiziň döredip beren giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, dünýäni özgerdiji beýik eserler: makalalar, publisistikalar, çeper eserler döretmekde uly üstünlikler arzuw edýärin. Çünki biziň ýurdumyz wakalaryň bolçulygy hem-de temalaryň känligi boýunça tapawutlanýar. Eýsem, hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş berýän gymmatly kitaplary hem žurnalistler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy çeşmedir.

-Sag boluň, Döwletgeldi aga, Size döredijilik äleminde galamyňyzyň ýiti bolmagyny arzuw edýäris!

-Sag boluň! Size-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda  Watanymyzyň rowaç alýan beýik işlerini wagyz etmekde we halka ýetirmekde, dünýä ýaýmakda uly döredijilik ustünliklerini arzuw edýärin.  Goý, döredijilik işgärlerine, şeýle hem türkmen žurnalistikasyna halkara derejesinde ak ýollar açýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bahbitli beýik işleri mydama rowaç alsyn!

 -Söhbetdeşligimiziň dowamynda beren gyzykly gürrüňleriňiz  üçin  köp  sag boluň!

 

Söhbetdeş bolan: Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

 

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu