“Meniň söhbetdeşim” bäsleşigine hödürlenýär
Akgül Togtamyradowa Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda dogulýar. Maşgalada esasy ýykgyn edilýän hünäriň türkmen dili we edebiýaty bolmagyna garamazdan, aýdym-saz sungatyna çagalykdan imrinen kiçijek Akgül orta mekdebi tamamlap, paýtagta okuwa gaýdýar. Onuň aýdym-saza bolan höwesi häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bosagasyndan eltýär. Akgülüň ýiti zehininiň bardygyny duýan ýokary okuw mekdebiň mugallymy Serdar Annakulyýew onuň bu sungat ýolunda ilerlemegine, öz ýoluny tapmagyna uly itergi berýär. Şeýlelikde, Akgül Togtmyradowa 1992-nji ýylda ýokary okuw mekdebi tamamlap, sungat ýoluna başlaýar. Häzirki wagtda bolsa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni miras fakultetiniň medeni guramaçylyk işi kafedrasynyň uly mugallymy bolup zähmet çekýär.
— Akgül mugallym, her bir zat öz başlangyjyny gözbaşdan alýar. Siziň şu sungata gelmegiňiziň gözbaşy nämede? Söhbetdeşligimizi aýdym-saz sungatyna gelşiňiz dogrusynda başlaýsak…
— Çagalygymdan aýdym aýtmaga uly höwesim bardy. Çagalar bagyna gatnap başlanymdan, tä orta mekdebi tamamlaýançam, mekdebimizde geçirilýän dabaralarda aýdym aýdardym. Orta mekdebi tamamlap, ýokary okuw mekdebine synanmaly bolanymda, ejem meniň lukmançylyk ugrundan tabşyrmagymy isläpdi. Ýöne kakam meni aýdym-saz ýoluna gönükdirdi. Şeýlelikde, häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, talyp bolmak bagty miýesser etdi. Talyp döwrümde Rejep Allaýarow, Aman Agajykow, Hudaýnazar Amangeldiýew, Nury Muhadow, Aşyr Abdyllaýew, Italmaz Haýdarow, Kerimguly Garawow, Meret Annamyradow ýaly meşhur kompozitorlaryň sazlaryna ýurdumyzda geçirilýän döwlet derejesindäki dabaralarda öz aýdymlarymy halk köpçüligine ýetirip başladym.
— Maşgalaňyzda siziň sungat ýoluňyzy dowam eden barmy?
— Hawa.Maşgalamyz döredijilige uly sarpa goýýar. Uly gyzym Altynjemal Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda pianino mugallymy bolup işleýär. Kiçi gyzym bilen oglum bolsa, düýbünden başga ugurdan kämilleşýändiklerine garamazdan, boş wagtlary saz gurallaryny çalmagy öwredýän ýörite kurslara gatnaýarlar.
— Islendik zat, isle, ol janly bolsun, isle, jansyz, üstünden wagtyň geçmegi bilen, könelýär, garraýar, öz möwrütini ötürýär. Ýöne welin il arasynda «Adamyň sesi garramaýar» diýen aýtgy bar. Aýdymçy hökmünde şuňa garaýşyňyzy aýdaýsaňyz…
— Dogry aýdylan şu. Hakykatdan-da, adamyň ýüzi, özi garrap biler, ýöne ses garramaýar. Tersine, ses wagtyň geçmegi bilen, «özüne gelýär». Has hem bu ýagdaý ýaşyň 30-y tegeläberende gowy duýulýar. Elbetde, islendik kärde-de gönümel deňziň düýbüne girip bolanok. Asylam, aýdym-saz sungatyna ýöne ýerden inçe sungat diýlenok. Zähmeti kän talap edýär. Sese talap edýän zadyny näçe siňdirdigiňçe, üstünde işlenildigiçe, islendik ses ýitileşýär, ýaşarýar, owadanlaşýar. Ynsanyň ýaşynyň garramagy bilen baglylykda özüni ýitirmeýän ýalňyz zady sesdir.
— Aýdym sözi hem-de sazy jüpüne düşende hakyky aýdym bolýar. Elbetde, aýdymyň agramly bolmagy üçin, ondaky sözleriň hem agramly bolmagy gerek. Akgül mugallym, şu ýagdaýlar dogrusynda söhbedimizi dowam edäýsek…
— Dogry bellediňiz. Söz ussatlarynyň döreden kämil eserlerini aýdym edeniňde, halkyň kalbynda baky galýar. Aýdymyňam, goşgyňam döremegine joşgun berýän ylham Hakdan bolmaly. Özüm-ä nusgawy şahyrlarymyzdan Magtymguly Pyragynyň, Garajaoglanyň, Keminäniň, Ýunus Emräniň, Mollanepesiň, Seýitnazar Seýdiniň, Nesiminiň ýazyp giden goşgulary esasynda birnäçe aýdym aýtdym. Döwürdeş şahyrlarymyz dogrusynda aýtsam, Gözel Şagulyýewanyň, Nobatguly Rejebowyň, Annaberdi Agabaýewiň, Atamyrat Atabaýewiň, Akbibi Ýusubowanyň, Allaýar Çüriýewiň, Tirkeş Sadykowyň, Altyn Baýramdurdyýewanyň hem-da başga-da birnäçe döwürdeş şahyrlarymyzyň goşgularyna aýdym döretdim. Umuman, her bir adamyň özüne ýakyn tutýan şahyry bolşy ýaly, her bir bagşyňam, aýdymçyňam, sazandaňam özüne ýakyn tutýan şahyry bolýar. Bu-da döredijilik ruhunyň ýakynlygydyr.
— Halypalaryňyz?!
— Ilkinji nobatda, kakam Gutlymyrat Togtamyradow. Şeýle-de Medeniýet Şahberdiýewa hem-de Rejep Allaýarow meniň sesimiň üstünde işläp, döredijilikde özümi ykrar etdirmegime uly goldaw berdiler.
— Söhbetdeşligimiziň şu ýerinde öýdäki Akgül Togtamyradowa barada gürrüň beräýseňiz…
— Öýdäki men… Döredijilik işimden boş wagtlarymy köp halatlarda aşhanada geçirýärin. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» kitabyndaky türkmen milli tagamlaryny, işdäaçarlary taýýarlaýaryn. Şeýle-de örüm işleri bilen meşgullanýaryn.
— Häzirki wagtda nähili eserleriň üstünde işleýärsiňiz?
— Şu günler, öňkülerden tapawutlylykda, estrada aýdymlaryň üstünde işleýärin. Olardan sazy hem-de sözi özüme degişli bolan «Arkadag», «Jan Watanym», «Gül Diýarda», «Jandan söýesim gelýär», «Söýgi aýdymy», «Sensiz geçmesin günlerim» ýaly eserleri aýdyp bilerin.
— Gahryman Arkadagymyzyň halypa-şägirtlik ýoluny dikeltmekde alyp barýan giň göwrümli işleri hakda sözümizi dowam edäýsek…
— Hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik ýoluny açyp bermegi bilen, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, döredijilikde hem uly üstünlikler gazanylýar. Şu mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan talyplaryň arasynda ýygy-ýygydan döredijilik duşuşyklaryny geçirýäris. Bu bolsa, ösüp gelýän ýaş nesliň zehinleriniň açylmagyna, saýlan kärleriniň eýesi bolmaklaryna uly itergi berýär. Galyberse-de, mähriban Arkadagymyzyň özi bu ugurda bize halypa mekdebi bolup durýar. Bu hem bize berlen uly serpaýdyr. Döredijilikde bize halypa mekdebi bolup durýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun. Alyp barýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
— Akgül mugallym, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Döredijilik ýolunda üstünlik mydama hemraňyz bolsun!
— Sag boluň!
Söhbetdeşligi ýazga geçiren: Jahantäç Öwezowa,
«Biznes reklama» gazeti.