“Meniň söhbetdeşim” bäsleşigine hödürlenýär.
Aýbölegä-Aýbölek, aýa-güne taý bölek,
Dürli-dümen mebelleň dükanydyr Aýbölek.
Diňe bir çagalaryň däl, eýsem uly ýaşlylaryň hem söýgüsini gazanmagy başaran Aşyr dädäniň türkmen telewideniýesinde ýerine ýetiren bu aýdymy biziň köpümize tanyş bolsa gerek. Bu aýdymyň gahrymany bolan “Aýbölek” mebel fabrigi “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly sergä gatnaşýar. Biz hem “Aýbölek” mebel fabriginiň menejeri Rahman Täçmuhammedow bilen söhbetdeş bolduk:
-“Aýbölek” mebel fabrigimiz 2010-njy ýylyň 29-njy iýulynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Şol ýyldan bäri hem biziň mebel fabrigimiz halkymyza hyzmat edip gelýär. Biz indi birnäçe ýyl bäri özümiziň öndürýän harytlarymyzyň köpgörnüşliligi bilen halkymyzy begendirip gelýäris diýsem ýalňyşmaryn. Ilaty diňe öý goşlaryny goýulýan mebeller bilen däl, eýsem, ofis üçin ýumşak mebeller, aşhana üçin gerekli mebeller bilen üpjün edip gelýär. Bilim ulgamynda hem çagalar, okuwçylar, talyplar üçin hem niýetlenen parta-oturgyçlary, mebelleri, agaç önümlerini öndürip gelýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri üçin öndürýän mebellerimiz hem uly geçginliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle-de biziň mebel fabrigimizde ýurdumyzyň polat galkany bolup duran esgerlerimiz üçin niýetlenen ýatakhanalaryň dürli görnüşleri hem öndürilýär.
Ýurdumyzyň merjen paýtagty bolan ak şäherimiz Aşgabadyň gözel künjeginde “Aýbölek” mebel fabrigine degişli bolan adybir dükan ýerleşýär. Bu mebel dükany hem indi birnäçe ýylyň dowamynda halkyň hyzmatynda. Bu dükanda hem “Aýbölek” mebel fabriginde öndürilýän önümlerimiz ýerleşdirilip, müşderi özüne gerekli bolan harydy bu ýerden arkaýyn tapyp biler. Şeýle-de “Aýbölek” mebel dükanynda welaýatdan gelen alyjylarymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin hem ähli şertler döredilen.
Hawa. “Aýbölek” mebel fabrigi halkyň söýgüsini gazanmagy başardy. Biz hem “Aýbölek” mebel fabriginiň agzybir işgärlerine diňe zähmet üstünliklerini arzuw edýäris.
Söhbetdeş bolan: Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.