Ýadawlyk, haýal pikirlenmek, ünsüňi jemläp bilmezlik ýaly, birnäçe näsazlyklar uky bilen baglanyşyklydyr. Biler bolsaňyz, birnäçe minudyň içinde aňsatlyk bilen uka gidip, dynç almak mümkin. Ine, size uky meseläňizi bir-iki günde çözmäge kömek edip biljek birnäçe ýollar:
Ýatmazdan ozal süýji zat iýmäň – Bedenimizdäki şeker mukdarynyň artmagy ýa-da azalmagy uka gitmekde kösenmegimize ýa-da ukymyzyň bölünmegine getirip biler. Bilermenleriň aýtmagyna görä, uklamazdan 2 sagat öň şeker, şol sanda miweler bilen hem arany üzmelidir, diýip belleýärler.
Ilki bilen siz 4 sekuntlap uludan dem alyň! Soňra 7 sekuntlap dem alman duruň-da, 8 sekuntda-da ýuwaşja demiňizi goýberiň. Muny 4 gezek yzly-yzyna gaýtalaň. Nähili tapawut edýändigini görersiňiz. Süňňüňiz agralyp, uky basyp ugrar. Bu bolsa, size aňsatlyk bilen uklamagyňyza ýardam eder.
Sanlary yzlygyna sanaň – 1, 2, 3, 4, 5, … diýip sanlary başyndan sanamagyň, dogrusy, känbir peýdasy ýok. Şonuň üçinem sanlary 100-den başlap, üç-üçden azaldyp gaýdyň. Olary sanamagymyzyň düýp sebäbi kellämizdäki dürli pikirlerden ünsümizi sowmak. Beýniňizi şeýdip meşgul etseňiz, has çalt uka gidersiňiz.
Barmaklaryňyzy emaý bilen bir minut owkalaň – Aýagymyzyň barmaklary aslynda, bedenimizdäki iň duýgur ýerleriň biri. Olary emaý bilen elläniňizde, has çalt rahatlanýarys. Şol sebäpden, her gün ýatmankaňyz olary bir minutjyk owkalaň.
Uky tertibini saklaň – Uky şertleriňiziň üýtgewsizligi möhümdir. Ýatýan otagyňyzyň temperaturasynyň üýtgemezligi we ýatmazdan öň otagyňyzyň bir salym ýelejiredilmegi gerek. Galyberse-de, uky tertibiňizi bozmazlyk üçin her gün şol bir wagtda uklamaga çalşyň.
Ine, siz şu ýokarda aýdylanlary yzygiderli berjaý etseňiz özüňizi rahat duýmagyňyza we çalt uklamagyňyza ýardam eder.
Sebäbi size garaşýan juda ähmiýetli işler, möhüm duşuşyklar, ýetilmedik maksatlar bar…
Aýsenem ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler munistrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.