ReportažSöhbetdeşlik

Tirkeş MÄTNAZAROW: Zenan diýmek dünýedir

18-04-2021 / 369

Zenan dünýäsi syrly we jadyly dünýä. Ykbalyň eçilen gymmatly dünýäsiniň wekili bolup, mukaddes adyňy haklamak bu her bir zenanyň borjy. Bu borç her bir zenan maşgalanyň ajaýyp dünýäsinň döremegine, zenan kalbynyň päklikden emele gelmegine sebäp bolýar. Zenan dünýäsini wasp etmek bolsa, haýyrly we arzyly işleriň beýgidir. Her döwürde halkymyz zenanlary başlarynyň täji, ar-namysy, mertebeli baýdagy hökmünde görüpdirler. Ol häzirki wagtda hem şeýle dowam edýär. Döredijilik bilen wasp etmekde bolsa, her bir sungat işgäri öz saýlan hünäri boýunça bu dünýäniň waspyny ýetirýär. Zenan hakda aýdylan setirler, aýdymlar, çekilen suratlar, ýasalan heýkeller görenleriň kalbynda ajaýyp duýgyny döredýär. Şeýle duýgyny diňleýjilerinde döretmegi başaran eserleriň biri-de «Zenan diýmek dünýedir» aýdymdyr. Bu aýdymy öz sungat ýoly bilen halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolan halypa Tirkeş Mätnazarow ýerine ýetirýär. Türkmen ýigidi tarapyndan zenan mertebesiniň setir bilen owazyň sazlaşygynda emele gelen sungatda beýan edilmegi bu örän täsirli duýgy. Bu aýdymyň manyly we täsirli setirleri bizi Tirkeş Mätnazarow bilen söhbetdeş bolmaga uly isleg döretdi. Saýtymyzyň myhmany Tirkeş Mätnazarow biziň beren sowallarymyza şeýle jogaplary berdi.

-Tirkeş aga, ilki bilen saýtymyzda Sizi hoş gördük. Çakylygymyzy kabul edip, biz bilen söhbetdeş bolanyňyz üçin köp sagboluň. Döredijilik äleminde Türkmen zenanynyň waspy hakyndaky söhbetden başlaýsak.

– Türkmen zenanlary özüniň kalbynyň gözelligi, lybasynyň özboluşlylygy bilen dünýäniň ähli zenanlaryndan tapawutlanýarlar. Sungat işgärleri hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dost-doganlyk ýurtlara gidenimizde-de eýýäm şol ýere baranymyzdan zenanlarymyzyň milli lybaslaryndan Türkmendigimizi bilýärler. Çünki biziň zenanlarymyzyň gaýtalanmaýan sungat derejesine ýeten millilikleri görenleri haýrana goýýar. Zenan dünýäsi barada söhbetimiziň başynda şygryýet äleminiň görnükli wekili, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň şu setirlerini ýatlasym gelýär:

Gözel görküň gün görkünden zyýada,

Owadan asmanyň aýyndan gözel.

Saňa söz gatmagy besläp zybanda,

Utanýan saçlarmyň agyndan gözel.

 

Ýa-da, şahyr gyza bagyşlap:

 

Sen näme üçin goşgy ýazýaň Perizat?

Seniň özüň aýdym, özüň bir owaz.

Sen näme üçin goşgy ýazýaň Perizat?

 Günüme goýanok meni şu sowal.

 

Menä ýanyp ýazýan setirlerimi,

Seň gözüňe iljek bolup ýazýaryn.

Seň gözüňe ilip ýekeje pursat,

Yşk derdinden dynjak bolup ýazýaryn.

 

Şahyr bu setirleri okyjylaryna ýadygär galdyrmak bilen, zenan dünýäsiniň gaýtalanmajak gözellikdigini belläp geçýär.

 

-«Zenan diýmek dünýedir» aýdymy barada kelam agyz…..

 

― Türkmen zenanyny näçe wasp etseňde azdyr. «Zenan diýmek dünýedir» aýdymy 2019-njy ýylda döredilip, ilkinji gezek 8-nji mart Halkara zenanlar gününde ýerine ýetirdim. Gurt Näzliýewiň sözlerine, Arzuw Hudaýberdiýewiň sazyna döredilen bu aýdym şu güne çenli birnäçe diňleýjilerimiň sagbolsunyna mynasyp boldy. Sungat adamsy üçin eseriniň adyna gelýän ýagşy sözden, alkyşly jümlelerinden zyýada bagt ýok bolsa gerek. Hut şu aýdymym üçin mähriban Arkadagymyz Şa serpaýyny berdi. Bu bolsa meniň durmuşymda iň bir ýatdan çykmajak bagtly pursatlarymyň biri boldy.

«Zenan diýmek dünýedir» aýdymynda zenan dünýäsiniň basgançaklaýyn mukaddes atlara eýe bolşy beýan edilýär:

Zenan diýmek ene, zenan diýmek uýa, zenan söwer ýar, zenan diýmek gyzyň….

 

Zenan diýmek eneňdir,ýarygije ýatýandyr.

Daň saz berse oýanyp, aňzaklarda doňandyr.

Hor-zar etmejek bolup, çar tarapa eňendir,

Sebäbi ol eneňdir.

 

Mähriban enelerimiz, eziz uýalarymyz, söwer ýar, eýjejik gyzjagazlarymyz ― biziň buýsanjymyz. Çünki enelerimiziň alkyşlary, olaryň gije-gündiz çagalary üçin dilegleri olary dünýä gowulyklaryna ýar edýär. Şonuň üçin-de türkmen zenanlary biziň döredijiligimiziň baýdagy bolup çykyş edýär.

-«Zenan diýmek dünýedir» aýdymy «Mähirli zenan» hususy kärhanasynyň döremeginde ylham çeşmesi hökmünde ýer alypdyr.

Dogrudan-da, bu kärhananyň döremegi onuňam sebäbinde meniň hem eserimiň adynyň tutulmagy meniň üçin uly bagt. Bir gün şol kärhananyň açylanlygy barada habar berdiler we ilkinji sergisine çagyrdylar. Ol ýerde taýýarlanylýan zenan dünýäsiniň gadymy ene-mamalarymyzdan miras galan nusgalarynyň dikeldilmegi, gyz-gelinlerimiziň on barmagynyň hünäri bolan milli lybaslarymyz we olaryň bezegleriniň aýratynlyklary, ýoýulmazdan döwrebap görnüşde ýerine ýetirilmegi, esasan hem el işlerinden ybarat bolan milli lybaslaryň halkymyza hödürlenilmegi örän buýsandyryjydyr. Milli lybaslarymyzy geýen gyz-gelinlerimiziň lybas görkezilşiniň «Zenan diýmek dünýedir» aýdymynyň sazlaşygynda ýerine ýetirilmegi bitewi bir sazlaşygy döredýär.

 

Mähriban okyjylar ýadyňyzda bolsa, saýtymyzda «Mähirli zenan» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleri barada söhbetdeş bolanymyzda, şol hususy kärhananyň esaslandyryjysy Aýna Çarymuradowna şeýle belläpdi:

Mähirli zenan — bu at eşidilende-de adamda ýakymly duýgyny, ajaýyp mähirli zenany ýada salýar. Bu adyň goýulmagyna Tirkeş Mätnazarowyň «Zenan diýmek dünýedir» diýen aýdymy sebäp boldy diýsek hakykatdan daş düşmeris. Ol aýdymda zenanyň gyzdygy, aýaldygy, joradygy, mähriban enedigi beýan edilýär. Zenanlaryň dünýä dowamydygy, onuň dürli döwürlerdäki mähremligi, edep-ekramy, ruhy-ahlak dünýäsi beýan edilýär.

-Tirkeş aga, Siziň aýdymlaryňyzyň aglaba bölegi zenanlarymyzy wasp edýär…

― Her bir işimiziň rowaçlanmagy ugrunda zybanyndan dogaýy dileglerini gaýgyrmaýan ejelerimiziň waspyny etmezlik asla mümkin däl. Esasan eje hakda aýdym aýtmagyma meniň dostlarym sebäp boldy diýsem ýalňyşmaryn. Olar her gezek ejeleriniň, maşgalalarynyň, gyzlarynyň doglan günlerine aýdym aýdyp bermegi haýyş edip çagyrýarlar.

Bu aýdymlar bolsa, meniň kalbyma we döredijilik dünýäme goldaw we güýç berýär. Olaryň mähriban ejelerine, zenanlarymyza goýýan hormaty meniň döredijiligimiň baýlaşmagyna, mähriban eneleriň begenjine şärik bolmagyma mümkinçilik berýär.

-Zenan dünýäsini wasp edýän eserleriňiz….

― «Ene elleri», «Gyzym», «Zenan diýmek dünýädir», «Oba gyzlary», «Dagly gyz», «Mähriban ýarym», «Jan enem», «Lukman gyz» we ş.m.

-Tirkeş aga, maşgalaňyz barada gürrüň beräýseňiz.

― Maşgalam Altyn mekdepde mugallym, uly oglum Aýnazar Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynda talyp, gyzym Aýgözel paýtagtymyzdaky 85-nji orta mekdebinde 10-njy synp, oglum Begnazar okuwçy, gyzym Zybagözel okuwçy, oglum Allanazar heniz 3 ýaşynda. Maşgalam meniň durmuşdaky we sungatdaky iň ýakyn ynsanlarym, maslahatçylarym. Täze aýdym ýazga geçirenimde-de ilkinji diňleýjim hökmünde maşgala agzalarym bolup durýar.

-Tirkeş aga, saýtymyzyň myhmany bolup, beren durmuşy we sungat gürrüňleriňiz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Mundan beýläk-de zenan dünýäsini, Watanymyzy, bagtyýar zamanamyzy wasp etmekde owazyňyzyň belentden belent ýaňlanmagyny arzuw edýäris.

― Sagboluň.

Goý, mähriban käbelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň, uýalarymyzyň ömürleri uzak bolsun, mähriban Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden ajaýyp zamanasynda bagtly ömür sürsünler, biz hem sungat işgärleri mydama olaryň waspyny döredijiligimizde beýan edip duraly.

Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu