HabarlarSagdyn durmuş

Tüwiniň 1 kilogramyny ösdürmek üçin 5000 litr suw sarp edilýär

16-04-2021 / 17

Tüwi hakynda biläýmeli maglumatlarymyz:

*Tüwi mundan 7-8 müň ýyl mundan ozal ösdürilip başlandy;

*Dünýäde her ýylda takmynan 700 mln tonna golaý tüwi öndürilýär;

*Tüwiniň 1 kilogramyny ösdürmek üçin 5000 litr suw sarp edilýär;

*Demirgazyk Amerikada tüwi uçarlar arkaly ekilýär;

*Tüwiniň her gektardan alynýan iň ýokary hasyly 2010-2011-nji ýyllarda hasaba alnyp, 2010-njy ýylda hytaýly ekerançy tarapyndan 19 t/ga, 2011-nji ýylda hindistanly ekerançy tarapyndan 22 t/ga hasabynda tüwi hasyly alnypdyr;

*BMG-niň karary bilen 2004-nji ýyl “Tüwi ýyly” diýlip ykrar edilipdi;

*Goňur reňkli uzyn tüwi iň köp duş gelýän tüwiniň görnüşidir;

*Beýleki däneler bilen deňeşdirilende tüwi kaliý we fosfory köp saklaýar;

*Käbir arap ýurtlarynda bir tüwi dänesiniň agramyna deň bolan “arruza” atly ölçeg birligi ulanylýar;

*Dünýä belli “Toyota” awtoulagynyň ady “hasylly tüwi meýdany” diýmegi aňladýar.

*Bir milliarddan gowrak adamyň ömri tüwi hasylyna baglydyr;

*Käbir ýurtlarda tüwi abadançylygyň, bolçulygyň nyşany hökmünde görülýär. Toý dabaralarynda tüwi dänesini sepelemek özboluşly däp-dessur hasaplanylýar;

*Özünde B, E, PP, demir, ýod, selen we ş.m ýaly peýdaly maddalary saklaýan tüwi hiç kimde allergiki täsirleri döretmeýär;

*Tüwiniň dürli reňkli görnüşleri bolup, biziň ulanýan ak tüwilerimize seredende goýy reňkli tüwide has köp belok we antioksidantlar saklanýar;

*Aziýa ýurtlarynda tüwi adam başyna ýylda 150 kg  sarp edilýär. Bu görkeziji Ýewropada bary-ýogy 2 kg töweregidir;

*Taýlandda ýetişdirilýän “Jasmine” sorty tüwiniň iň gowusy hasaplanýar;

*Aziýada ilatyň her biri günde azyndan 2 gezek tüwi iýýär;

*Witaminleriň we dürli minerallaryň uly bölegi goňur reňkli tüwide, şeýle-de onuň kepeginde saklanýar;

*Tüwi suwda ösýän ýeketäk esasy dänedir;

*Gaýnadylan tüwi özünde witaminleri we ýokumly maddalary dargatman saklaýar.

 

Aýbibi Kutlyýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Ösümlikçilik kafedrasynyň mugallymy.

 

 

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu