Göwün küýsegiŽurnalistiň sahypasy

Kitaba bolan söýgim

15-04-2021 / 20

Oýlanma

Kitap — durmuşymyzda uly orna eýe bolan hazynalaryň biridir. Kitap — öz içinde ajaýyplyklary, dürdäne sözleri, gyzykly wakalary, şahyrana şygarlary, atalar sözüni, nakyllary, çagalar üçin gyzykly ertekileri, ýetginjekler üçin täsin wakalary umuman, sanardan köp üýtgeşmeleri özünde toplap, biziň üçin ýazylyp, çap edilip, okamaga taýýar edilýän bir toplumdyr. Onuň her bir sahypasy üýtgeşik bir dünýäni özünde jemleyär. Gadymýetimiziň gizlin syrlaryny biziň häzirki wagtymyza çenli öz içinde saklap, bu günümize çenli ýetirýän, şeýle hem geljekki nesillerimiziň dowamatyna dowamdyr. Kitabyň her bir sözüni aýratynlykda oturyp öwrenseň söz aslynda giň hem-de çuň manyny aňladýandyr. Eýsem, bu dürdänelikleriň asly nirden gelip çykan diýip, oýlansak onuň gizlinligi bir uly syrdyr. Syrly dünýäniň içine girip, ýaşap görmek üçin bolsa, ilki ol dünýäniň altyn açaryny eýeläp bilmek gerek. Altyn açary tapyp şonuň bilen bu dünýäniň içine syýahata girmek üçin bolsa, özüňi şol kitabyň içindäki bolýan her bir waka bilen aýrylmaz baglanyşdyrmak zerurdyr. Durmuşda kimdir biriniň ornuna özüňizi goýup görseňiz gözýetimiňiz düýpgöter üýtgär. Kitabyň içinde bolýan wakalardan hem öz ýüregiňize ýakyn bolan bir ynsanyň ornuna hereket edip görüň, belki siz şol wagt altyn açarlaryň birini eýeläp bilersiňiz.

Duýgy. Duýgy näme? Ony ýaşap bilmek gerek. Ýaşan wagtyň bolsa durmyşyň gizlin oýunlaryna boýun egmän dogry ýoly tapyp ajaýyplyklary duýup başarmak gerek. Kitap okamak bolsa, şol ajaýyp duýgyny ýaşamak üçin bir uly üstünligiň ýoludyr. Okaýan zadyňyz islendik zat bolaýsyn onuň soňyna ýetmek üçin howlukmaň çünki durmuş hem öz içindäki gowluklary ynsan bilen duýdansyz wagt gabatlaşdyrýar. Kitaby hem ýaşamak üçin gyzykly ýazylan bir kiçijik durmuş ýaly duýmagy başaryň. Eger okyjy bu duýgyny öz päkize kalbynda duýmagy başaryp bilýän bolsa, okyjynyň ýaşaýan täsin dünýäsinde oýlanmaga, pikirlenmäge bolan duýgusyny has hem artdyrar. Bu ajaýyp duýgy bolsa ynsan üçin kitapdaky täsin gizlingiliň syrlarynyň biri bolup biler. Munuň üçin her bir okaýan eseriňe doly we dogry düşünmek zerurdyr.

Biziň her birimiziň içki dünyämiz üýtgeşik, käbirlerimiziň pikirlenişimiz, oýlanyşymyz aýry-aýry, emma bulara garamazdan gelýän netijelerimiziň ählisi bir-biri bilen aýrylmaz baglanýar. Käbirlerimiz kyn ýollar arkaly gowulyklara duşýarys, käbirimiz bolsa, aňsat ýollar bilen hem köp gowulyklary ele alyp bilýäris we netijede iki aýry ýoluň birikýän ýeri hem gowlukdyr. Kitabyň içindäki ajaýyplyklaryň  hem her sahypasyny okap, tamamlanymyzdan soň, şol bir netije bilen gutarýar. Şonuň üçin hem her bir okyja bu gizlinlik doly syrly dünýäde ilki bilen şowlylyk we gowy netijeler bilen syýahatyň, ýagny, az wagt bolsa-da kitabyň içinde ýaşan duýgusynyň gowulyklar bilen tamamlamagy arzuw edilýär!

Ogultagan HALJANOWA,

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu