Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýyl musulman halkymyz oraza aýyny mynasyp garşy alýar. Yslam dünýäsinde şu günden başlap 1 aý dowam etjek Remezan aýy başlady. Ata-babalarymyzdan şu günlerimize çenli oraza aýy mukaddes aýlaryň biri hasaplanyp, agyz beklenilip, haýyr-sogap işler edilip gelinýär. Bu mukaddes aý adama sabyrlylygy, şükür etmegi öwredýär.
Oraza Yslam dininiň bäş şertinden biri bolup, Medinä hijretden soňra, ikinji ýylynyň Şaban aýynda parz edildi. Fykyh taýyndan oraza imsak wagtyndan iftar wagtyna çenli ýagny, fejri sadykdan (daň atmazynyň öň) başlap, tä Gün ýaşýança aralykda hiç zat iýmän-içmän öz nebsiňi saklamak diýmekdir. «Imsak» sözi özüňi saklamak, böwet bolmak manylaryny berýär. Imsak wagty (agyz beklenýän wagt) fejri sadygyň girmegi bilen, ýagny, ýassy namazynyň wagtynyň gutaryp, ertir namazynyň wagtynyň girmegi bilen başlanýar.
…Bu aýyň aýratyn bir jadysy, ol adamy diňe gowulyga ugrukdyrýar. Säher bilen agyz beklenýän çagy, maşgalaň bilen üýşüp, her kim wagtyň çäklidigine garamazdan ala hasyrdy bolup, kimi çaý-suwuny köpräk içýär, kimi başagaý bolup, iýip oturandyr. Bu aladalar süýji aladalara girýär. Çünki haýyrly, sogaply işiň aladasam bir süýji bolýar.
Agyz beklenende okalýan doga:
Neweýtu en esume sawme şehra ramezane minel-fejri ilel-magribi halisal lillähi tagala Allahu ekber. |
Agyz açylanda okalýan doga:
Allahümme leke sumtu we bike ämentu we alä rizkyke aftratu we lisawmi gadin neweýtu fagfirli ýa gaffaru mä kaddemtu we mä ahhertu Birahmetike ýä Erhamer-rahymin. |
Eziz okyjylarymyz, ähli welaýatlar boýunça agyz beklenýän we açylýan wagtlaryň tertibi saýtymyzda ýerleşdirilendir.
Mähribanlarym, geliň, bu mukaddes aýda birek-birek bilen sorag-jogap alyşalyň. Belki-de siziň bilmeýän soraglaryňyzyň jogaplaryny biz bilýändiris ýa-da biziň hem käbir agsaýan soraglarymyzyň jogabyny siz bilýändirsiňiz.
Sorag-jogap alyşmak üçin “Teswir ýaz” diýlen ýere ýazyp bilersiňiz. Biz hem hökmany suratda Size jogap ýollarys.
TURKMENgazet.
Sorag: Agyz beklenende, ýatyp galan ýagdaýyňda hem günuzyn iýip-içmän agyz bekläp bolýarmy?