(iňlis dilinden terjime edilen)
Bir adam iki ýüz mil uzakda ýaşaýan ejesi üçin gül satyn alyp, ony hem telegramma arkaly ugratdyrmak üçin gül satylýan dükanyna barýar. Ol ulagyndan düşende bir çetde hamsygypjyk aglap oturan gyzjagaza gözi düşýär. Ol ondan näme bolanyny soranda gyzjagaz: «Men ejeme bir gyzyl bägül satyn alasym geldi, bägüliň bahasy bolsa, iki dollar eken, a mende welin bary-ýogy ýetmiş bäş sent bar» diýip jogap beripdir.
Ol ýylgyryp: «Gel, men saňa bägüli özüm alyp bereýin» diýýär. Dükana girýär-de, gyzjagaz üçin bägül, ejesi üçin hem bir çemen gül sargaýar.
Dükandan çykyp barýarkalar, ol gyzjagaza öz ulagynda ejesiniň ýanyna äkitmegi teklip edýär. Gyzjagaz razylaşýar.
Gyzjagazyň salgy beren ýoly gonamçylygyň üstünden düşýär. Ol ýere ýetip-ýetmänkäler gyzjagaz maşyndan böküp düşýär-de, ylgap baryp elindäki bägülini heniz gumy hem guramadyk mazaryň üstünde oturdýar.
Bu ýagdaý ýigide juda güýçli täsir edýär. Ol dessine gül dükanyna baryp, telegramma arkaly buýurmasyny goýbolsun etdirýär-de, bir çemen gül dessesini satyn alyp, ejesiniň öýüne rowana bolýar.
Ömür gysga. Başardygyňyzdan sizi söýýän adamlary söýüp, olara esewan boluň, olar bilen mümkin boldugyça bilelikde köp wagt geçiriň. Olar bilen geçirýän her pursatyňyzdan lezzet alyň. Hiç bir zat maşgalaňyzdan möhüm däldir.
Taýýarlan: Şamuhammet Borjakow,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Örän täsirli