Göwün küýsegiŽurnalistiň sahypasy

“Salam ajaýyp dünýä”

07-04-2021 / 45

Şahyrlar hakda sӧz açanymyzda elbetde, ilki bilen  olaryñ  dӧredijiligi dӧredyӓn ýazýan kitaplarydyr, goşgulary gӧz ӧñümize gelýӓr. Şahyrlaryñ dӧredijiligi her bir adamyñ ruhy dünýäsine ruh goşýar. Olaryñ edebiýada, edebi dӧredijilige  bolan hormaty, sӧýgüsi beýikdir.  Ine, şeýle şahyrlaryñ biri hem Agamyrat Soltanow.  Muña şahyryñ “ Terbiýeçi Aý”, “Saña ýazan hatlarym”, “Pasyllaryñ suraty”, “ Aby zemzem çeşmesi”, “Lowurda, Watan” , “Salam ajaýyp dünýӓ” atly okyjylar  tarapyndan gyzgyn garşy alnan kitaplaryny, gazet- žurnallarda yzygiderli çap bolýan eserlerini okanyñda pugta gӧz ýetirýӓrsiñ. Agamyrat Soltanow Türkmenistanyñ at gazanan medeniýet işgӓri, Türkmenistanyñ Prezidentiniñ “ Türkmeniñ Altyn asyry “ bӓsleşiginiñ birnӓçe gezek yeñijisi.

Şahyr dӧredijilik ýoluna mekdep dӧwrűnden başlaýar. Ol ilki Lebap welaýatynyñ Garabekewűl etrabyndaky Akgala giñişliginiñ 7-nji orta mekdebinde, soñra Magtymguly adyndaky  Tűrkmen dӧwlet unwersitetiniñ  Fizika” fakultetini űstűnlikli tamamlaýar. Agamyrat Soltanow dӧredijiliginiñ ilkinji dӧwűrlerinde  şygryýetiñ, umuman dӧredijiligiñ inçe tilsimleri barada gymmatly maslahatlar beren, Tűrkmenistanyñ halk ýazyjysy Ӧwlűýaguly Mӧwlamowyñ, lӧpleriñ halypasy, ussat şahyr Hudaýýar Deñliýewiñ atlaryny minnetdarlyk bilen tutýar.

Şonuñ bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiziñ dӧredip beren giñ şertleri esasynda doganlyk ýutlarda geçirilýӓn Tűrkmenistanyñ medeniýet gűnlerine, dürli dabaralara, ýazyjy-şahyrlaryñ halkara  maslahatlaryna gatnaşmagy, şahyryñ dünýӓ belli ýazyjy – şahyrlar bilen tanşyp, Garaşsyzlyk dӧwrűnde arşa galan tűrkmen edebiýaty, dűnýӓ edebiýaty baradaky sӧhbetdeşlikleri şahyryñ dӧredijiligine aýratyn itergi berýӓr.

Ỳeri gelende aýtsak, dӧredýӓn ajaýyp şygyrlary, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ӧsmegine goşýan saldamly goşandy üçin  şahyr Agamyrat Soltanowyñ hormatly Prezidentimiziñ Şa serpaýlaryna –“Türkmeniñ Altyn asyry”, atly bӓsleşiginiñ iki gezek ýeñijisi bolandygyny aýtmak buýsançlydyr. Dӧredijiligine, zӓhmetiñe belent sarpa goýulýan zamanada ýaşamak, Arkadag Prezidentimiziñ beýik başlangyçlaryny wagyz etmek dӧredijilik  adamy üçin bagtdyr. Hӓzirki bagtyýar zamanamyzda dӧredijiligi gaýnap joşýan, şahyr  Agamyrat Soltanowa biz hem tӓze dӧredijilik üstünliklerini  arzuw edýӓris.

 

                                  Eneler bar dünýӓde

                             Barlyga bat, ynsanyýete dowamat,

                            Eneler bar, eneler bar dünýӓde.

                             Arşa pena, bu zemine hemaýat,

                             Eneler bar, eneler bar dünýӓde.

                          Megerem mertebä iñ beýik togap-

                           Kӧñlüni kӧşk eýle, in beýik sogap,

                           Bu dünýӓ şeýle bir owadan, sebӓp

                           Eneler bar, eneler bar dünýӓde.

                            Ir eýýamlar doñan dünýӓ erӓpdir,

                            Oña enӓñ gyzgyn mӓhri sebӓpdir,

                             Bilýӓñizmi ýaz nӓme üçin dӧrӓpdir,

                             Eneler bar, eneler bar dünýӓde.

                             Oýlan, sӓher güneş gülüp bakanda,

                            Oýlan bahar dünýӓ nagyş çekende,

                            Biz nӓme üçin ýaşap ýӧrüs jahanda,

                             Eneler bar, eneler bar dünýӓde!

Ýazga geçiren: Merjen KADYROWA,

Lebap welaýat telewideniýasy.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu