Göwün küýsegiŽurnalistiň sahypasy

“Ýitiräýme köşek”

07-04-2021 / 20

Ellik

Awtory: Juma Hudaýguly.

Tirkiş bäş ýaşly oguljygy Döwletgeldä dükandan owadanja ellik getirip berdi. Dogry, ol gymmat bahaly ellik däldi. Şeýle-de bolsa, çaga üçin şolam bir ullakan bagt. Özi ýaly çagalar bilen daşarda gar zyňşyp oýnap ýören çaga elligi görüp, şeýle bir begendi welin, hiç çeniň däl. Zat äberseňem çaga äberäýseň.

Tirkiş oglunyň elinden tutup, öýe saldy-da: «Ýitiräýmegin» diýip sargady. Döwletgeldiniň: «Hoş» diýenine ynanmaýan ýaly, bir dem onuň ýüzüne bakyp durdy. Soňam öz-özünemi ýa aýalyna eşitdirmek üçinmi, «Aý, ýitir-le derrew» diýip, ysgynsyz seslendi. Aýaly hem: «Ýitiresi ýok-la» diýip, ogluna guwançly bakdy. Yzyndanam: «Ýitiräýme, köşek!» diýip pugta tabşyrdy. Döwletgeldä beýdip iki ýerden sargamaklarynyň özüne ýetik sebäbi bardy. Ol özüne getirilýän zatlary ýitiregendi. Köwüş alybam halys boldular. Getiren köwüşlerini geýip çykyp, ýarym sagatdan ýitirip gelýän pursatlary hem bolýardy.

Owadanja ellikleriň hersini bir eline geýen Döwletgeldiniň öýde durara karary ýetmän daşaryk çykdy. Oýnaşyp ýören çagalaryň ýanyna baryp, olar bilen päkize ak garyň üstünde dünýäni unudyp, oýna başlady. Gar zyňyşdylar, diň ýasadylar, garaz, hezil etdiler.
Döwletgeldi oýnap halys bolansoň, öýlerine geldi. Içerik ätländen, elinde bir taý elliginiň ýokdugyny duýdy. Işigiň agzynda ep-esli wagt doňan ýaly bolup duransoň, ejesidir kakasynyň ýüzüne ogrynça seretdi, olaryň zat duýmandyklaryny aňdy-da, syr bildirmän, usullyk bilen çykyp gitdi. Bir çäýnek çaý içim salym geçensoň, şol öňküje suslugy bilen dolanyp geldi. Kakasynyň ýüzüne seredip, töre dyzaberdi welin, onuň bolşundan bir zatlar aňan Tirkiş çişip başlady.

— Hany, dur entek! Gel, hany bäri, hany ellik?
Döwletgeldi sesini çykarman, bir taý elligini çommaltdy. Tirkiş bolmajysy boldy.

— Ana, ana, aýtmadymmy men?! Aýtmadymmy men?! Aýtmadymmy ýaňy? — Ol aýalyna gygyrdy. — E-eý, bäri gel hany sen!
Aýaly ýüzüni ynjyly çytyp gelşine sorady!

— Hä, näme?

— Nämäň gursun seň. Aýtmadymmy men ýaňy! Ýitirer diýmedimmi? Ana, ýene-de ykdyryp gelipdir ýaňkyny. — Ol ýene-de ogluna azgyryldy. — Bar, gözläp gel! Tap!
Gapa ýönelen Döwletgeldini ejesi saklady.

— Dur entek, bar ýaly-la. Ýa bir taýymydy? Oglum, beýleki taýyny ýitirdiňmi? Gaçyrdyňmy?
Döwletgeldi ejesiniň ýüzüne seredip kemşerdi.
Ejesi onuň elinden tutup, ýerinden galdy.

— Ýör, köşek, bile gözläýeli. — Çykyp barýarka adamsyna ýüzlendi: — Häzir tapyp geris-le. Nirä gitsin-ä şol. Ýatandyr oýnan ýerinde.
Olar gelýänçäler Tirkiş içini hümledip oturdy. «Bäh, bulara zat alar ýaly däl-aýt! Gowusy, katumyt et-de, getirme diýsene şulara hiç zat. Asyl salymyny bermän ýitirme bilen-aý bular. Edil bilgeşleýin edýän ýaly-da. Bäh! Men-ä, näme etjegimi bilmedim».
Döwletgeldi ejesi bilen gelende hem boş geldi. Tirkiş aýalynyň: «Çagalardanam soradyk, oýnan ýerlerinem gözledik, biz-ä zat tapmadyk» diýen sözlerine üns hem bermän, golundan tutaga-da dazyrdadyp töre geçirdi. Oglunyňam ýeňsesinden iterip çykaryp goýberdi.

— Bar, şony tapman öýe geläýme! Eşitdiňmi? Doňýanam bolsaň garaňy salaýma!
Çaga aglap gitdi. Aýaly ogluna dözmän ärine ýalbardy.

— Nädýäň-ä çagany? Dile düşmez çagany hem şeýtmek bolarmy! Üşär ahyry. Nämäni bilýär ol entek?
Tirkiş o burçdan bu burça daz ýasady.

— Gapyl! Zikge kakýandyryn men, her gün derýa doly zat daşara. Seň nebsiň agyrmaz, sebäbi sen… sen getireňok-da o zatlary. Wah, seni ýere gömmeli…

Aýaly rejäniň geň däldigini bildi-de, ortarada çommalyp oturyberdi. Öz ýanyndan: «Bäş ýaşly çaga çykdajyňy nä bilsin seň, girdejiňi nä bilsin» diýip pyşyrdady.

Döwletgeldiniň aglaýan sesini eşidip, enäniň ýüregi daglandy. Äriniň ýüzüne delmirip bakdy. Şonda onuň gözüne Tirkiş dünýäde iň bir zalym adam ýaly bolup göründi.

Döwletgeldiniň: «Ä-ä-ä» edýän sesini eşidip, Tirkişem uzak durup bilmedi. Paltosyny ýelbegeý atyndy-da, köwşüni gowaldaň geýip daş çykdy. Öýüň gapdalynda diwara arkasyny ýaplap aglap oturan ýumruk ýalyjak ogluny görende bagry awady. Ýüregi jigläp gitdi. Döwletgeldiniň üşäp, gyzaran ýaňajyklaryna, gülgün reňke öwrülen barmajyklarynyň saňňyldaýşyna, ähli durky bilen sandyrap, galdyrap oturyşyna gözi düşende, öz-özünden utandy. Içinden «Elligem gursun, köwşem» diýdi-de, oglunyň elinden tutup öýe saldy. Eljagazlaryny öz agzyna eltip üfleşdirdi. Ýüzüni-gözüni sypalaşdyrdy. Henizem dommarylyp oturan aýalyna ýüzlendi:

— Gögermedik bolsaň, turaý ýeriňden. Eşiklerini zadyny bir çalşyryşdyr muň!

Aýaly turup gelşine gözýaşyny süpürişdirdi, burnuny çekdi. Soňy ýok gaharjaň ärini birinji gezek görýän ýaly bolup seretdi. «Heý, toba» diýdi-de, Döwletgeldiniň eşiklerini çalşyryşdyrmaga başlady.
Tirkiş halynyň üstüne ýassyk taşlady-da gyşardy. Henizem «hiýk-hiýk» edip hamsygyp duran ogluny ýanyna çagyrdy. Çaga geldi-de, göwünli-göwünsiz kakasynyň öňünde çökdi. Süýem barmagyny agzyna sokup «hiýkildäp» oturyşyna ejesine seretdi. Şol wagt hem ejesiniň: «Wiý! — diýen sesi eşidildi.— Ine, büý-ä».

Tirkiş garysyna galdy.

— Näme ol?

— Ine, Döwwe janyň elligi bar eken-ä! Jübüsiniň ýyrtygyndan içligine gaçan ekeni.

— Aý, goý-a! Bäh! Bä-bä… Aý, bolýa-laý.

Döwletgeldi tarsa ýerinden turdy. Ylgap baryp ejesiniň elindäki elligi gysymyna gysdy. Ony synlap durşuna uludan demini aldy. Getirip kakasyna uzatdy. Tirkişiň ýüzi gyzardy, nätjegini bilmän ýaýdandy.

— Men nädeýin ony? Bar, ejeňe beräý, oglum! Guratsyn, ertir ýene geýersiň.

— Ýok, kakaňa ber, şoňa gerek şol. Ber, boýnundan assyn!

— Goýsan-aý, senem, walla! Baý, oňşuk ýog-ow sende-de, bäh!

Kakasy bilen ejesiniň arasynda gatnap ýadan Döwletgeldi ortarada serim-sal bolup durdy. Içerde bir meýdan höküm süren dymyşlygy Tirkiş bozdy.

— Bar, oglum, pejiň ýanynda goýaý! Ertir oýnaňda geýersiň.
Döwletgeldi ýüregini bire baglap golaý geldi-de, elindäki elligi ýene-de kakasyna uzatdy.

— Me… Ertir geýsem, ýene ýitirin-dä…
Tirkiş ogurlykda tutulan ýaly bolup uly basga düşdi. Öňünde bäş ýaşly çaga däl-de, özündenem has uly, özündenem kän pähimli, paýhasly bir kişi duran ýaly boldy. Aljyrady. Ogluny gujagyna alyp, ýaňajygyndan öpdi.

— Hiç, oglum, ýitirseň. Zatdyr-da… Ýitmejek zat bamy? Bu gün ýitmese, ertir ýiter. Janyň sag bolsun. Ýitse ýene alaýarys. Bar, oglum, pejiň ýanyndajyk goýaý!

Çaganyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Hut şol pursatyň özünde ol ýene öňki şadyýan çaga öwrüldi. Bökjekläp baryp elligi pejiň ýanynda goýdy. Çaganyň gül ýaly bolup açylmagy bilen şadyýanlyk öýüň içine ýene-de gaýdyp geldi. Hol aňyrky burçda «şolk-şolk» edip çaý içip, torsarylyp oturan gelin hem çäýnegi bilen käsesini göterip gaýtdy-da, gelip äriniň gapdalyna gondy. Ýene bir käse alyp geldi-de, oňa çaý guýup oturyşyna usullyk bilen äriniň ýüzüne seretdi. Gözi gözüne düşenden ýylgyrdy. Tirkiş hem ýylgyrdy. Yzyndanam hezil edip gülüşdiler. Ikisiniň ortasyna özüni oklan Döwletgeldiniň gülküsi bularyň ikisiniňem gülküsini basdy.

1981 ý.

 

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu